Öý­de, iş­de we beý­le­ki äh­li ýer­de bol­şy ýa­ly aw­tou­la­gda hem aras­sa­çy­ly­gyň sak­lan­ma­gy ze­rur­dyr. Eý­sem, ula­gyň içi­ aras­sa­la­nan­da, nä­me­le­re üns ber­me­li­kä?
UIa­gyň otur­gyç­la­ry, howp­suz­lyk ke­mer­le­ri ýö­ri­te ýu­wu­jy se­riş­de­ler bi­len aras­sa­la­nyp bi­l­ner, ýö­ne zy­ýan­syz­lan­dyr­mak üçin ni­ýet­le­nen se­riş­de­le­r ula­ny­lan­da has üns­li çe­me­leş­me­li. Ula­gyň otur­gyç­la­ry­nyň nä­hi­li ma­te­ri­al­dan ýa­sa­lan­dy­gy­na hem üns be­riň! Ma­ta­dan edi­len bol­sa, ony to­zan so­ru­jy ar­ka­ly aras­sa­lap bi­ler­si­ňiz. De­ri­den edi­len otur­gyç­lar aşa öl­len­mez­den, di­ňe ýö­ri­te ni­ýet­le­nen yz­gar es­gi bi­len sü­pü­ril­me­li. Wag­tal-wag­tal de­ri­den edi­len otur­gyç­la­ryň ýö­ri­te krem bi­len ide­gi­ni et­me­gi­ni hem unut­maň! Go­wy sak­lan­sa, bu otur­gyç­la­r ula­gy­ňy­zyň he­mi­şe tä­ze bo­lup gö­rün­me­gi­ne tä­sir eder.
Hi­mi­ki se­riş­de­ler aras­sa­la­nan za­dyň reň­ki­ni sol­du­ryp, hi­li­ni hem-de iş­le­ýiş düz­gü­ni­ni bo­zup bi­ler. Ula­gyň howp­suz­lyk ke­me­ri yz­gar bol­sa, oňa ze­per ýet­me­gi müm­kin. Is­len­dik aras­sa­la­ýyş se­riş­de­si­ni ulan­maz­dan ozal, ha­ry­dy nä­hi­li ulan­ma­ly­dy­gy­ny dü­şün­dir­ýän gö­zük­di­ri­ji bi­len do­ly ta­nyş bo­luň!
Ga­py tu­ta­waç­la­ry­ny, pen­ji­re we gulp düw­me­le­ri­ni, ro­ly we beý­le­ki ga­ty ýer­le­ri­ni aras­sa­laň we yzy­gi­der­li zy­ýan­syz­lan­dy­ryp du­ruň!
Ça­ga­lar bi­len bir ýe­re gi­di­len bol­sa, ula­gyň yz ta­ra­py­ny has üns­li aras­sa­laň!
Öý­le­ri aras­sa­la­ma­ga ni­ýet­le­nen se­riş­de­ler bi­len ulag­la­ry aras­sa­la­ma­ga ni­ýet­le­nen se­riş­de­ler ta­pa­wut­ly bol­ýar. Aş­ha­na, ham­mam, el­ýu­war ýa­ly ýer­le­ri aras­sa­la­mak üçin ni­ýet­le­nen kül­ke gör­nüş­li se­riş­de­ler bi­len ula­gy­ňy­zyň içi­ni aras­sa­la­sa­ňyz, ze­per ýe­tir­me­gi­ňiz müm­kin. Ula­gy müm­kin bol­du­gy­ça gu­ry es­gi bi­len aras­sa­la­ma­ly.
Ula­gyň iç ta­rap­yn­da­ky tu­ta­wa­jy, bul­gur we ş.m. goý­mak üçin ni­ýet­le­nen bö­lek­ler, aň­ry-bä­ri goý­mak üçin öň­dä­ki iki otur­gy­jyň ara­ly­gyn­da­ky ga­pyr­jak we öň­ki ýo­lag­çy­nyň öňün­dä­ki bö­lü­miň içi bo­şa­dy­lyp, go­wy aras­sa­lan­ma­ly. Adat­ça bu ga­pyr­jak­lar­da şah­sy zat­lar sak­lan­ýan­dy­gy üçin aw­to­ýu­wal­ga­lar­da hem el­len­me­ýär. Şol se­bäp­li bu ýer­le­re ha­pa bi­ri­gip bil­ýär.
Ula­gyň içi­ni aras­sa­la­mak üçin hi­mi­ki se­riş­de­ler ula­nan bol­sa­ňyz, so­ňun­dan içi­ni ýe­le­ji­ret­me­gi unut­maň!
Pür­kül­ýän se­riş­de­ler ula­na­ny­ňyz­da, ses ga­tal­dy­jy­nyň we beý­le­ki elek­tron bö­lek­le­riň içi­ne git­mez­li­gi­ne üns be­riň!
Ser­gin­le­di­ji­niň de­şi­jek­le­ri­ni ýö­ri­te se­riş­de bi­len aras­sa­laň!
Ula­gy aras­sa­lap bo­lan­dan soň­ra çyg es­gi­le­ri ula­gyň için­de goý­maň!
Jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry­na mü­ne­ni­ňiz­de howp­suz ara­ly­gy sak­la­ma­ga üns be­riň! Ot­la, aw­to­bu­sa ýa-da uça­ra mü­ne­ni­ňiz­de, müm­kin bol­du­gy­ça fi­zi­ki ara­çä­gi sak­la­ma­gy en­dik edi­niň! Agyz-bu­run ör­tük­le­ri­ni da­ky­nyň, el aras­sa­laý­jy we zy­ýan­syz­lan­dy­ry­jy se­riş­de­le­ri­ ula­nyň! Öýe ba­ra­ny­ňyz­da bol­sa el­le­ri­ňi­zi ma­za­ly ýu­wuň we eşik­le­ri­ňi­zi ba­da-bat çal­şyň!
Unut­maň, aras­sa­çy­lyk – sag­ly­gyň gi­re­wi­dir!