ABŞ-nyň “Goldman Sachs” maýa goýum banky Hindistan biržasynyň geljek üç ýylyň dowamynda Angliýadan ozdurjakdygyny mälim etdi. Bankyň bilermenleriniň taýýarlan maglumatyna görä, 2024-nji ýylda Hindistanyň gymmatly kagyzlar bazarynyň gymmaty 5 trillion dollara barabar bolar. Taýýarlanan maglumatda şu ýyl Hindistanyň startaplarynyň paýnamalaryny köpçülige hödürlemek arkaly 10 milliard dollar ýygnandygy bellenildi.
Bankyň bilermenleri geljek iki ýylyň dowamynda hödürlenýän paýnamalaryň artyşy dowam eder. Ýakyn geljekde Hindistanda 150 töweregi hususy kompaniýa biržada paýnamalaryny hödürlär. Bilermenler 2-3 ýylyň dowamynda 400 milliard dollarlyk paýnamalaryň Hindistan biržalaryna täsir etjekdigini belleýärler. Şeýlelikde Hindistan biržasynyň gymmaty 3,5 trillion dollarlyk möçberden 5 trillion dollara golaýlar.
Ýurtda, esasan, tehnologiýa startaplary birža girýär. Hindistanda 800 milliondan gowrak internet we ýarym milliarddan gowrak smartfon ulanyjysy bolup, bu ugurda dünýäde Hytaýdan soňra ikinji ýerde durýar.