Krosswordyň soraglary
1. Batyr, edermen, dogumly.
2. Aýaklaryň arasyny açyp, her ýerden ädim alyp ýöremek.
3. Inçesagt, sagdyn bedenli.
4. Ýokarsy ýaý şekilli ýeňil piliň bir görnüşi
5. Bir zadyň agzyny ýapmak üçin gapak.
6. Hakykatda, iş ýüzünde, aslyýetinde.
7. Keteni köýnegiň öňüne düzülýän, gyzyl çaýylan ýa-da sap kümüşden ýasalan ýasyja şaý-sep.
8. Biri-biri bilen baglanyşykly, gatnaşykly.
9. Nota
10. Agymtyl, aga ýakyn bolan.
11. Daşy ak, içi gyzgylt tozly kömelek.
12. Ak reňke öwrülmek, ak bolmak.
13. Baharyň ilkinji günleri, gyşdan soň.
14. Gawun-garpyzyň ýapragyna düşýän aktegmilli kesel.
15. Gopbamsy gadam urmak, ýöremek.
16. Armany galan, maksady hasyl bolmadyk, niýetine ýetmedik.
17. Biriniň daş görnüşi, üst-başy
18. Şaý-sep ýasamak, metal gaplary ýasamak sungaty.
19. Oraza aýynda günüň dowamynda hiç zat iýip-içmezlik.
20. Hor, etsiz-gansyz.
21. Şagalaňly edilýän gürrüňden çykýan şowhun, galmagal.
22. Haýal, ýuwaş, çala.
23. Aýal-gyzlaryň başgabynyň daşyndan aýlap daňynýan ýaglygy.
24. At saklanýan ýer, athana.
25. Aýra düşürmek, biri-birinden jyda düşürmek.
26. Atabegiň kesp-käri, ýagdaýy.
27. Azary bolmadyk, azary ýok, horluksyz.
28. Ar-namysy bilmeýän, binamys, adamkärçilik mertebesi pes, ygrarsyz.
29. Oglan bilen gyzy biri-birine mynasyp görüp adaglamak däbi.
30. Iňrik garalan wagty, garaňky gatlyşan wagt.
X
Congratulations
PDF



