Nowruz baýramynyň däp-dessurlary ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynyň üstüni ýetirdi. Bu çözgüt Efiopiýada geçirilen Maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça komitetiniň mejlisinde kabul edildi.
Nowruz baýramyny ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky degişli başlangyç dünýä döwletleriniň bir toparyndan – Azerbaýjandan, Owganystandan, Hindistandan, Eýrandan, Yrakdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Pakistandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Türkiýeden we Özbegistandan gelip gowuşdy, bu ýurtlarda bu gadymy baýram baharda, gije-gündiziň deňleşýän döwri bellenilýär.
“Nowruz baýramynyň çäklerinde dürli däp-dessurlar berjaý edilýär, aýratyn tagamlar taýýarlanylýar, adamlar biri-biriniňkä maşgala bolup, myhmançylyga barýarlar, jemgyýetçilik çärelerine gatnaşýarlar we köpçülikleýin dabaralary guraýarlar” diýlip, ÝUNESKO-nyň habarynda bellenilýär. Bu baýramyň esasy alamatlarynyň biri semenedir – ol bugdaýyň ýaş maýsalaryndan taýýarlanýan tagamdyr.
BMG-niň 2010-njy ýylyň 19-njy fewralynda geçiren 64-nji Baş Maslahatynyň barşynda Nowruzy Halkara baýramy diýip, yglan etmek baradaky Rezolýusiýasy kabul edildi, bu baýram baharda gije-gündiziň deňleşýän döwri – 21-22-nji martda bellenilýär.
Addis-Abebada geçirilen bu mejlise gatnaşyjylar maddy däl medeni mirasyň sanawyna girizmek boýunça täze teklipleriň 37-sine garadylar, olar giňden ýaýran däp-dessurlary we döredijilik ýollaryny – aýdym aýtmagy, adatlary hem-de baýramçylyklary öz içine alýar.
24 ýurtdan bilermenler maddy däl medeni mirasyň iki sanawynyň üstüni ýetirmek üçin ses berdiler. Olaryň birine gyssagly goralmagyna degişli desgalar girýär. Beýlekisine dünýämiziň medeni baýlygyny alamatlandyrýan däp-dessurlar we adatlar girýär, olara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek zerurdyr. Häzirki güne çenli bu sanawda 336 desga görkezilýär.
Bahar Şiriýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.