Nobel hepdeligi dowam edýär. 2021-nji ýylyň Fizika baýragyna Sýukuro Manabe, Klaus Hasselmann we Jorjo Parizi mynasyp boldy.
1931-nji ýylda Ýaponiýada dünýä inen Sýukuro Manabe häzirki wagtda ABŞ-yň raýaty bolup, Prinston uniwersitetinde işleýär. Manabe bilen bir ýylda doglan germaniýaly Klaus Hasselmann Gamburg uniwersitetinde zähmet çekýär. Baýragyň ýarysy Ýer togalagynyň howasyny fiziki taýdan modelirlemekde, üýtgeýşi kesgitlemekde we global ýylylygy ygtybarly çaklamakda bitiren hyzmatlary üçin bu iki alyma berildi. Baýragyň beýleki ýarysy italiýaly Parizä degişli bolup, 73 ýaşly alym atomdan planeta çenli ölçegdäki fiziki ulgamlaryň bozulmalarynyň we üýtgemeleriniň özara täsirini tapandygy üçin bu baýraga mynasyp görüldi.
Düýn 4-nji oktýabrda Nobeliň Fiziologiýa we lukmançylyk ugry boýunça baýraklarynyň ýeňijileri mälim edilipdi.