Hormatly Prezidentimiziň goldamagy bilen ýurdumyzyň lukmançylyk ulgamy dünýäniň iň ösen enjamlary bilen üpjün edilen.  Şolaryň hatarynda hem keselleri anyklaýjy magnit rezonans tomografy giňden ulanylýar. Bu enjam baradady gysgajyk maglumaty size ýetirmegi makul bildik.

Tomografyň düzümine magnit, radioýygylykly we gradiýent tegekleri, radioimpulslaryň generatory, sowadyjy ulgam, hasaplaýyş gurluşy we beýlekiler girýärler. Magnit rezonans tomografyň işleýiş prinsipi adamyň bedeniniň öýjükleriniň suwunyň molekulalarynyň düzümindäki wodorodyň ýadrolaryna kesgitlenen ýygylykly elektromagnit meýdanynyň täsirinden ybarat. Wodorodyň ýadrolaryna elektromagnit tolkun goýberilende ýadrolar energiýany siňdirip giňişlikde öwrülýärler we gysga wagtyň dowamynda energiýany elektromagnit tolkun görnüşde çykaryp başdaky ýagdaýlaryna gelýärler. Ýadrolardan goýberilen tolkunlary tomograf kabul edýär. Bedeniň öýjükleriniň suwunyň mukdaryna baglylykda enjamyň kabul edýän tolkunlary hem tapawutlanýarlar. Ekranda olar dürli reňklerde görünýärler.

Tomografyň magniti güýçli magnit meýdany döredende gyzýar we ony sowatmak üçin gelili kamerada ýerleşdirilýär. Geliniň temperaturasy 260 gradus sowuk bolýar. Bu temperaturalarda simler aşak-ýokary geçirijilik ýagdaýa geçýärler, ýagny olaryň elektrik toga bolan garşylygy ýitýär we gyzmasy bes edilýär. Şeýlelikde, enjam gyzmaýar we durnukly işleýär.

 

Maksat Gullyýew,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň “Elektrotehnika we elektronika” kafedrasynyň mugallymy.