Häzirki wagtda, esasan, awtoulag önümçiliginde ýüze çykan çip ýetmezçiliginiň “Iphone 13” smartfonlarynyň önümçiligine hem täsir etjekdigi aýdylýar. “Apple Inc.” kompaniýasy “iPhone” önümçiligini 2021-nji ýylda göz öňünde tutulandan 10 million sany az öndürer. Amerikan kompaniýasy ýylyň soňky çärýeginde 90 million “iPhone 13” öndürmegi göz öňünde tutýardy. Emma mobil enjamyň öndürilmegi üçin gerek bolan bölekleri “Broadcom Inc.” hem-de “Texas Instruments Inc.” kompaniýalarynyň ýeterlik derejede üpjün edip bilmejekdigi sebäpli az mukdarda smartfon öndüriler.
Häzirki wagtda dünýäde awtoulag we mobil enjamlaryň önümçiliginiň artmagy çip ýetmezçiligine sebäp bolupdy. Bu ýagdaý ýylyň başyndan bäri iri awtoulag öndürijileriň önümçiligini gysga wagtlyk togtatmagyna getiripdi. Çip öndüriji kompaniýalary geljek ýyldan başlap, gerekli mukdarda, ondan soňky ýyllarda zerurlykdan has köp çip öndürip biljekdiklerini belleýärler.
“iPhone” enjamlarynyň ekranynyň käbir bölegini “Texas Instruments”, geçirijisiz böleklerini “Broadcom” şereketi üpjün edýär. Şeýle hem “Apple” mobil enjamlarynyň önümçiligi üçin gerek bolan beýleki şaý-sepleri başga kompaniýalardan alýar.