Hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitaby türk dilinde neşir edildi. Şu gün – 14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň türk dilinde çykarylan neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Halkara gatnaşyklar institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýewiň alyp baran dabarasyna Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral, Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Halkara gatnaşyklar institutynyň mugallymlarydyr talyplary, gazet-žurnallaryň baş redaktorlary, ýerli we daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Dabara Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral öz çykyşyna hormatly Prezidentimiziň Aşgabady wasp edýän goşgy setirleri bilen başlady. Bu bolsa dabara gatnaşyjylarda uly tolgunma döretdi. Daşary ýurtly diplomat Aşgabat şäheriniň baý taryhynyň bardygyna ünsi çekip, özboluşly binagärliginiň bardygyny aýtdy. Ilçi bu gymmatly eseriň türk dilli okyjylar üçin ähmiýetli boljakdygyny belledi.
Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanlyýew, Türkiýe Respublikasynyň Ankara krizis we syýasat gözlegleri merkeziniň (ANKASAM) başlygy, professor Mehmet Seýfettin Erol, Türkiýäniň Ankara uniwersitetiniň dosenti, Dil we taryh-geografiýa fakultetiniň döwrebap türk şiweleri we edebiýatlary bölüminiň mugallymy Berdi Saryýew, Türkiýäniň Hajy Baýram Weli uniwersitetiniň mugallymy, doktor Emrah Ýylmaz dagy wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy. Wideoaragatnaşyk arkaly çykyş edenler kitabyň ähmiýetiniň örän uludygyny bellediler.
Kitabyň türk diline terjime edilmegine Dos.Dr. Berdi Saryýew, Dr. Emrah Ýylmaz hem-de Dr. Tugba Ýylmaz gatnaşdy.