BMG-niň şu ýylyň noýabr aýynda Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde geçiriljek howa boýunça COP26 maslahatyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde henizem edilmeli işler kän. Bu barada Milan şäherinde taýýarlyk forumyna ýolbaşçylyk edýän Alok Şarma mälim etdi. Onuň sözlerine görä, ýakyn onýyllykdaky meýilnamalary kesgitlemek üçin sammitiň möhüm waka boljakdygyna hemmeler düşünýär. Milanda guralan taýýarlyk maslahatyna 50 ýurduň hökümet wekilleri gatnaşdy. Şeýle-de, bu ýerde dünýäniň dürli künjeklerinden ekologiýany goramagyň tarapdarlary bolan ýaşlaryň duşuşygy geçirildi.
– Gürrüň bu ýerde global göreş barada barýar. Adamzadyň ýaşamagy üçin göreş alyp barýandygymyz hiç kimde şübhe döretmeli däldir. Bu ähli hökümetleriň şeýle howp bilen göreşi ileri tutmak jogapkärçiliginiň bardygyny aňladýar. Häkimiýetler adamlary rahatlykda saklap, alada eder ýaly zadyň ýokdugyny yglan etmek bilen howpsuzlyk atmosferasyny döretmäge tagalla edýärler – diýip, Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň birinji orunbasary Timmermans aýtdy.
ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi boýunça ýörite wekili Jon Kerri bu göreşde ähli ýurtlaryň birleşmelidigini öňe sürüp:
– Bu biziň umumy maksadymyz. Hiç bir ýurt bu meseläniň hötdesinden ýekelikde gelip bilmez – diýip belledi.
Beýik Britaniýanyň maksatlary
Beýik Britaniýanyň hökümeti 2035-nji ýyla çenli kömürturşy gazynyň we beýleki howa goýberilýän zyýanly gazlaryň mukdaryny 1990-njy ýyldaka garanyňda 78% azaltmagy maksat edinýär. Beýik Britaniýanyň hökümeti dünýä ýurtlaryny howanyň üýtgemegine garşy göreşde has uly maksatlary kesgitlemäge we 2050-nji ýyla çenli nol görkezijini gazanmak üçin 2030-njy ýyla çenli howa goýberilýän zyýanly gazlar boýunça goşmaça borçnamalary kabul edip, bu işde özlerine goşulmaga çagyrýar. Häzirki wagtda ýurduň hökümeti 2030-njy ýyla çenli howa goýberilýän zyýanly gazlaryň zyňyndylaryny 68% azaltmak ugrunda tagalla edýär. Bellenilişi ýaly, 2033-nji ýyldan 2037-nji ýyla çenli döwür üçin Beýik Britaniýanyň uglerod býujeti ilkinji gezek awiasiýa we gämi pudagy tarapyndan emele gelen zyňyndylara gönükdiriler.
Beýik Britaniýanyň hökümeti çäräniň öňüsyrasynda dünýä liderlerini koronawirus pandemiýasyndan soň «ýaşyl» tehnologiýalara maýa goýumlaryny artdyrmak we howa goýberilýän zyýanly gazlaryň mukdaryny azaltmak boýunça işjeň göreşmäge çagyrdy.