13-17-nji okt­ýabr ara­ly­gyn­da Por­tu­ga­li­ýa­nyň Pon­te-de-Sor şä­he­ri­niň awia­si­ýa ho­wa men­zi­li­niň çäk­le­rin­de «Tä­ze baş­lan­gyç üçin uçuş» mow­zu­gy bi­len bä­şin­ji awia­si­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­ýär. Oňa bir­nä­çe ýurt­la­ryň ho­wa gul­lu­gy eda­ra­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri gat­naş­ýar. «Por­tu­gal Air Sum­mit» Pi­re­neý ýa­rym ada­syn­da­ky iň uly awia­si­ýa mas­la­ha­ty ha­sap­lan­ýar.
Pon­te-de-Sor şä­he­ri­niň hä­kim­li­gi­niň ge­ňeş­çi­si Ro­ge­rio Al­we­siň söz­le­ri­ne gö­rä, «Tä­ze baş­lan­gyç üçin uçuş» mow­zu­gy ýö­ne ýer­den saý­lan­ma­dy, se­bä­bi COVID-19 pan­de­mi­ýa­sy dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne, esa­san hem, glo­bal de­re­je­de awia­si­ýa pu­da­gy­na ýa­ra­maz tä­si­ri­ni ýe­tir­di.
Şu ýyl Por­tu­ga­li­ýa­nyň ho­wa sam­mi­ti­niň mas­la­hat­la­ry­ny on­laýn gör­nüş­de ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu­lar­dan baş­ga-da, ho­wa meý­da­ny­nyň dür­li mow­zuk­la­ra ba­gyş­la­nan bö­lüm­le­rin­de hem-de ser­gi zal­la­ryn­da dür­li çä­re­ler gu­ra­lar. Mas­la­hat­da, esa­san, pu­da­gyň di­kel­dil­me­gi, tä­ze sy­ýa­hat düz­gün­le­ri, awia­kom­pa­ni­ýa­nyň uçuş tö­leg­le­ri­niň ar­zan­la­ma­gy we COVID-19-yň bar­lag düz­gün­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar. Şeý­le hem sam­mit­de dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­la­ryň awia­kom­pa­ni­ýa­la­ryň sar­gyt eden uçar­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na ed­ýän tä­si­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar.