13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümiň mejlisini
geçirdi. Mejlis düzümiň öňünde goýlan ileri tutulýan wezipelere bagyşlanyp, onda
degişli guramaçylyk meseleleriniň hem birnäçesine garaldy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­si açyp hem-de Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry­na ýüz­le­nip, «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» diý­lip yg­lan edi­len şu ýy­lyň 27-nji sent­ýab­ryn­da Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­lyk ýu­bi­le­ýi­ni aý­ra­tyn buý­sanç bi­len gar­şy­lan­dy­gy­my­zy bel­le­di. Bu se­ne ag­zy­bir hal­ky­myz üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li, buý­sanç­ly wa­ka­dyr. Bi­ziň her bi­ri­mi­zi tä­ze, has be­lent mak­sat­la­ra gal­kyn­dyr­ýan şan­ly se­ne­dir.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, asu­da­ly­gyň hö­küm sür­ýän ýur­dy, çalt dep­gin­de öz­ger­ýän hem-de ös­ýän döw­let hök­mün­de giň­den ta­nal­ýar. Eziz Di­ýa­ry­myz­da hal­kyň aba­dan­çy­ly­gy­na gö­nük­di­ri­len ägirt uly, ta­ry­hy mak­sat­na­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýar. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy bol­sa tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri bi­len gar­şy­la­nyl­dy di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di.
Şu ýyl­da ýur­du­my­zyň dür­li se­bit­le­rin­de hä­zir­ki za­man oba­la­ry­dyr şä­her­çe­le­ri­niň gur­lu­şy­gy ýo­ka­ry dep­gin­ler­de do­wam et­di­ril­di. Ga­raş­syz­ly­gyň 30 ýyl­lyk şan­ly baý­ra­my my­na­sy­bet­li hal­ky­my­zyň yh­las­ly we tu­tan­ýer­li zäh­me­ti ne­ti­je­sin­de dur­muş-me­de­ni äh­mi­ýet­li des­ga­lar­dyr bi­na­la­ryň köp san­ly­sy gur­lup ulan­ma­ga be­ril­di. Mil­li Li­de­ri­miz bu­lar ba­ra­da aý­dyp, hal­ky­my­zyň ýu­bi­leý ýyl­da ýe­ten be­lent de­re­je­le­ri hem-de äh­li bel­le­ni­len çä­re­le­riň da­ba­ra­ly we ru­hu­be­lent ýag­daý­da üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi bi­len hem­me­le­ri ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne ge­çip, şu gün gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri­ne ga­ral­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2021-nji ýy­lyň 28-nji mar­tyn­da ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da şan­ly wa­ka – Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry­nyň saý­law­la­ry ge­çi­ril­di. Şol saý­law­lar ozal­ky­lar­dan bü­tin­leý ta­pa­wut­ly­lyk­da, gö­ni däl saý­law­lar gör­nü­şin­de, de­mok­ra­tik ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da, ýo­ka­ry de­re­je­de, aç-açan­lyk we aýan­lyk ýag­da­ýyn­da ge­çi­ril­di.
Bu saý­law­lar örän wa­jyp sy­ýa­sy äh­mi­ýe­te hem eýe­dir. Se­bä­bi ol ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­ýän ýy­lyn­da, «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» diý­lip yg­lan edi­len ýyl­da ägirt uly ta­ry­hy äh­mi­ýet­li çä­re­le­riň ge­çi­ril­ýän döw­ri bi­len ga­bat gel­di. Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­miz bu saý­law­la­ryň ýur­du­my­zyň Esa­sy Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da il­kin­ji ge­zek ge­çi­ri­len­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ge­çen ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ri­len mej­li­sin­de ta­ry­hy äh­mi­ýet­li çöz­güt­le­riň ka­bul edi­len­di­gi­ni bel­le­di. On­da Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­on to­pa­ry ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­nan hem-de Esa­sy Ka­nu­ny­my­za gi­ri­zil­me­gi tek­lip edil­ýän üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar ma­kul­la­nyl­dy.
Bu Kons­ti­tu­si­on ka­nu­nyň tas­la­ma­sy Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň mas­la­ha­tyn­da bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di. Bu ugur­da öňe sür­len baş­lan­gyç­la­ryň esa­sy mak­sa­dy döw­let hä­ki­mi­ýe­ti­niň we­kil­çi­lik­li ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­sy­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek­den hem-de tä­ze ta­ry­hy şert­ler­de döw­le­tiň, jem­gy­ýe­tiň we her bir ada­myň bäh­bit­le­ri­ne hyz­mat et­jek ka­nun çy­ka­ry­jy hä­ki­mi­ýe­ti ama­la aşyr­ýan tä­ze ul­ga­my eme­le ge­tir­mek­den yba­rat­dyr di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di.
Iki pa­la­ta­ly, tä­ze par­la­ment ul­ga­my döw­le­ti­mi­ziň hem-de jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dur­mu­şy­ny mun­dan beý­läk-de de­mok­ra­ti­ýa­laş­dyr­ma­ga, hu­kuk we dün­ýe­wi esas­la­ry­ny ber­kit­mä­ge, hä­ki­mi­ýet bi­len hal­kyň ag­zy­bir, je­bis he­re­ket et­me­gi­ne, her bir ada­myň hem-de ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­niň bäh­bit­le­ri­ne do­ly de­re­je­de hyz­mat et­jek hä­zir­ki za­man şert­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir.
Mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam edip, şu ýy­lyň 14-nji ap­re­lin­de ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň gu­ra­ma­çy­lyk mej­li­sin­de mas­la­ha­tyň işi­ne ak pa­ta ber­len­di­gi­ni bel­le­di. Onuň ko­mi­tet­le­ri dü­zül­di, ola­ryň ýol­baş­çy dü­zü­mi saý­la­nyl­dy. Bu iş­ler Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da ka­bul edi­len «Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi ha­kyn­da» Ka­nu­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty öz işi­ni ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän ka­nun­çy­ly­ga la­ýyk­lyk­da do­ly ýo­la goý­dy.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Adam hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny go­ra­mak ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy M.Ta­ga­no­wyň Türk­me­nis­ta­nyň ada­lat mi­nist­ri we­zi­pe­si­ne bel­le­ni­len­di­gi­ni aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz şol ko­mi­te­tiň tä­ze baş­ly­gy­ny saý­la­mak ba­ra­da­ky me­se­lä­ni mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne gi­riz­di.
Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry­nyň tek­li­bi bo­ýun­ça bu we­zi­pä şu ko­mi­te­tiň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry bo­lup iş­le­ýän D.Gul­ma­no­wa gör­ke­zil­di. Ses ber­me­giň jem­le­ri bo­ýun­ça ol Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Adam hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny go­ra­mak ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne saý­la­nyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, D.Gul­ma­no­wa bu ko­mi­te­tiň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry we­zi­pe­sin­den bo­şa­dyl­dy.
Soň­ra Halk Mas­la­ha­ty­nyň Adam hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny go­ra­mak ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry­ny saý­la­mak ba­ra­da­ky me­se­lä se­re­dil­di. Bu we­zi­pä Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­sy S.Ju­ma­ýew tek­lip edil­di. Ses ber­me­giň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça ol ko­mi­te­tiň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry we­zi­pe­si­ne saý­la­nyl­dy. Şu me­se­le­ler bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň de­giş­li Ka­rar­la­ry ka­bul edil­di.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, Halk Mas­la­ha­ty­nyň öňün­de ýur­du­my­zy ös­dür­mek bo­ýun­ça gel­jek­de hem uly we­zi­pe­le­riň dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Halk Mas­la­ha­ty Mej­lis bi­len bi­le­lik­dä­ki ne­ti­je­li iş­le­ri do­wam et­di­rip, mil­li ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mek, Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek bo­ýun­ça mak­sa­da ok­gun­ly iş­le­ri alyp bar­ma­ly­dyr. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça no­bat­da­ky çä­re­le­ri ama­la aşyr­ma­ga ýar­dam eder. Şol we­zi­pe­ler şu ýy­lyň 14-nji ap­re­lin­de ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de, şeý­le hem 25-nji sent­ýabr­da ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de anyk kes­git­le­nil­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry­nyň we Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry­nyň äh­li ta­gal­la­la­ry döw­let bi­len jem­gy­ýe­ti, her bir şah­sy­ýe­ti saz­la­şyk­ly ös­dür­me­gi we ola­ryň bäh­bit­le­ri­niň deň bol­ma­gy­ny üp­jün et­me­gi, ýur­duň hu­kuk ul­ga­my­ny ber­kit­me­gi hem-de kä­mil­leş­dir­me­gi, hal­ka­ra gu­ra­ma­lar we dün­ýä döw­let­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­gi göz öňün­de tut­ýan ka­nun­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ma­ga gö­nük­di­ril­me­li­dir.
Mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, jem­gy­ýe­ti­mi­zi yzy­gi­der­li de­mok­ra­ti­ýa­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi, se­bit­le­ri dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek, ila­tyň gün­de­lik ze­rur­lyk­la­ry­ny we is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ma­gyň esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri­di­gi­ni bel­le­di.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, dür­li ugur­lar­da ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­riň üs­tün­de iş­le­nil­me­li­dir. Se­bä­bi bi­ziň esa­sy mak­sa­dy­myz oba bi­len şä­her­de her bir adam üçin amat­ly ýa­şa­ýyş gur­şa­wy­ny dö­ret­mek­den yba­rat­dyr di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di.
Ka­nun çy­ka­ry­jy we ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýet­le­riň şa­ha­la­ry­nyň şu esas­lar­da alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty de­mok­ra­tik, hu­kuk, dün­ýe­wi döw­let­de ösen ba­zar yk­dy­sa­dy­ýet­li, yn­san­per­wer, ada­lat­ly jem­gy­ýe­tiň dö­re­dil­me­gi­ni üp­jün et­mä­ge borç­lan­dyr­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şu sy­ýa­sa­tyň hal­ky­my­zyň er­tir­ki gü­nü­ne bo­lan yna­my­ny, Wa­ta­ny­na bo­lan gu­wan­jy­ny we buý­san­jy­ny art­dyr­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.
Soň­ra Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry K.Ba­ba­ýew mil­li Li­de­ri­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len şu ýyl Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­ny bel­le­ýän Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä nus­ga­lyk ösüş ýo­ly bi­len äh­li ugur­lar­da ägirt uly ýe­ňiş­ler ga­za­nyp, ynam­ly öňe bar­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Dep­gin­li ös­ýän, yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly, her bir ada­myň dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy ýo­la goý­lan döw­le­ti­miz­de adam­la­ryň ha­lal zäh­met çek­me­gi, ýaş­la­ry­my­zyň oka­ma­gy, ök­de hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi, my­na­syp dynç al­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len dü­zü­min­de Halk Mas­la­ha­ty we Mej­lis bo­lan iki pa­la­ta­ly par­la­men­tiň – Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň dö­re­dil­me­gi ýur­du­my­zyň ta­ry­hyn­da tä­ze sa­hy­pa­ny aç­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gol­da­ma­gy bi­len Halk Mas­la­ha­ty­nyň işi­ni ýo­la goý­mak, par­la­ment işi­ni do­ly de­re­je­de alyp bar­mak üçin de­giş­li çä­re­ler ama­la aşy­ryl­dy.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň şu ýy­lyň 25-nji sent­ýab­ryn­da paý­tag­ty­my­zyň Ru­hy­ýet köş­gün­de ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­dä­ki çuň ma­ny-maz­mun­ly ta­ry­hy çy­ky­şy tu­tuş hal­ky­my­zy be­ýik baş­lan­gyç­la­ra, ýe­ňiş­li ýol­la­ra we dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­te ruh­lan­dyr­dy.
K.Ba­ba­ýew Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry­nyň gel­jek­de-de döw­le­ti­mi­ziň dur­muş-yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy ösü­şi­niň mak­sat­na­ma­la­ry­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne ýar­dam ed­ýän ka­nun­la­ry taý­ýar­la­mak­da hem-de ka­bul et­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň öň­den­gö­rü­ji­lik­li, oý­la­ny­şyk­ly içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny, Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň äh­li ugur­lar­da­ky be­ýik ösüş­le­ri­ni wa­gyz et­mek­de gu­jur-gaý­ra­ty­ny gaý­gyr­man, ak ýü­rek­den zäh­met çek­jek­dik­le­ri­ne ynan­dy­ryp, döw­let Baştutanymyzyň ja­ny­nyň sag, ba­şy­nyň dik bol­ma­gy­ny, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri­niň ro­waç al­ma­gy­ny ar­zuw et­di.
Mil­li Li­de­ri­miz mej­li­si jem­läp, Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry­nyň Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­ni ka­nun­çy­lyk taý­dan üp­jün et­mä­ge mun­dan beý­läk-de go­şant goş­jak­dyk­la­ry­na ynam bil­dir­di.