1970-nji ýyllardan 2000-nji ýyllara çenli tomaşaçylara ýetirilen «Star Trek» teleseriýalynda birnäçe ýyllap Kapitan Kýork keşbini janlandyran William Şatner kosmosa çykdy. 90 ýaşly aktýor «Blue Origin» kompaniýasynyň gämisi bilen Ýerden 106 kilometr belende galdy. 14-nji oktýabrda gämini kosmosa çykaran göteriji raketa gysga wagtdan Ýere gondy. «Mission NS-18» atly taslamanyň çäklerinde Tehasdaky kosmodromdan uçurylan gämi 4 adamy kosmosyň gyrasyna äkitdi. Şeýlelikde Şatner kosmosa çykan iň garry adam we iň garry kinoaktýor boldy. Meşhur kinoaktýoryň keşp janlandyran filmleri köplenç kosmos giňişliginde geçýärdi. 11 minut dowam eden kosmos syýahatyndan soňra gämi paraşýut arkaly ýere gondy. Şu ýylyň 21-nji iýulynda «Blue Origin» kompaniýasy «New Shepard» kosmos gämisi arkaly şeýle syýahaty gurapdy.
Daýançgeldi BEKDURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.