Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­myzda uly ösüş­ler gazanyl­ýar. Halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ry bi­len bir ha­tar­da oba ho­ja­ly­gyn­da hem öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­sy­nyň ne­ti­je­sin­de oňyn ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar.
«Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da daý­han yh­la­sy bi­len ýe­tiş­di­ri­len go­wa­ça ha­sy­ly­ny çalt we ýit­gi­siz ýyg­na­mak işi ýur­du­my­zyň çar kün­je­gin­de gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 8-nji sent­ýabr­da ýur­du­myz­da pag­ta ýy­gy­my­na köp­çü­lik­le­ýin gi­ri­şil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ak pa­ta ber­me­gi bi­len, Ahal, Bal­kan, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da bu mö­hüm oba ho­ja­lyk möw­sü­mi ba­dal­ga alyp, bir hep­de yz ýa­nyn­dan top­rak-ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, pag­ta ýy­gy­my Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da hem baş­lap­dy.
Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na bes­le­nen şu ýyl­da ýur­du­myz­da «ak al­ty­nyň» bol ha­sy­ly ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­di. Hä­zir oba zäh­met­keş­le­ri­niň baş we­zi­pe­si ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly öz wag­tyn­da we ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak­dan yba­rat­dyr.
Ýur­du­myz­da güýz pas­ly­nyň hem ho­wa şert­le­ri­niň amat­ly bol­ma­gy oba zäh­met­keş­le­ri­ni tä­ze üs­tün­lik­le­re atar­ýar. Eder­men pag­ta­çy­lar hä­zir­ki jo­gap­kär­li möw­süm­de wag­tyň her bir pur­sa­tyn­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­ýar­lar. Ola­ryň gün­de­lik ga­zan­ýan üs­tün­li­gi bol­sa pag­ta­çy­la­ryň ar­zy­ly sep­gi­di na­zar­la­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Pag­ta çig ma­ly­ny gys­ga möh­let­de we ýit­gi­siz ýyg­nap al­ma­ga gö­nük­di­ri­len «ak al­tyn» möw­sü­min­de kom­baýn­lar, ha­sy­ly da­şa­mak üçin teh­ni­ka­lar, pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­lar we har­man­ha­na­lar bök­denç­siz iş­le­dil­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň daý­han­la­ra ed­ýän taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de eder­men daý­han­la­ry­myz gü­neş­li Di­ýa­ry­my­zyň be­re­ket­li top­ra­gy­na bar yh­la­sy­ny, alyn de­ri­ni siň­di­rip, tu­tan­ýer­li zäh­met çek­ýär­ler. Ýy­lyň-ýy­ly­na «ak al­ty­nyň» bol ha­sy­ly­ny ke­ma­la ge­tir­ýär­ler we gym­mat­ly çig mal ha­sap­lan­ýan pag­ta­ny tab­şyr­mak ba­ra­da­ky şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny ab­raý bi­len ber­jaý ed­ýär­ler. Eki­len meý­dan­lar­da ag­ro­teh­ni­ka­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk ýo­ka­ry hil­li ideg edi­lip, ön­jeý­li ha­syl ke­ma­la ge­ti­ril­di.
Tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa esas­lan­ýan hä­zir­ki za­man önüm­çi­li­gi­niň gu­ra­ly­şyn­da pag­ta sü­ýü­mi Di­ýa­ry­my­zyň dok­ma se­na­ga­ty üçin örän gym­mat­ly çig mal­dyr. Çün­ki türk­men dok­ma önüm­le­ri­ne dün­ýä ba­zar­la­ryn­da uly is­leg bil­di­ril­ýär.
Oba ho­ja­ly­gyn­da düýp­li öz­gert­me­le­riň ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de bu ul­ga­myň kuw­wa­ty bar­ha art­ýar. Pu­da­gyň hä­zir­ki za­man önüm­çi­lik hem-de hyz­mat dü­zü­mi­ni dö­ret­mek, ýer we suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak, eke­ran­çy­ly­gyň me­de­ni­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak şol öz­gert­me­le­riň mö­hüm ugur­la­ry­dyr.
Umu­man, azyk bol­çu­ly­gy­nyň esas­la­ry­ny ber­kit­mek mak­sa­dy bi­len, hä­zir­ki wagt­da güýz­lük bug­daý eki­şi we pag­ta ýy­gy­my möw­süm­le­ri güýç­li dep­gin­ler bi­len do­wam ed­ýär. Oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny we beý­le­ki en­jam­la­ry do­ly ulan­mak, daý­han­la­ry ýo­ka­ry hil­li bug­daý to­hum­la­ry bi­len üp­jün et­mek me­se­le­le­ri­ne ýo­ka­ry de­re­je­de üns be­ril­ýär.

Hi­wa­ly HUM­ME­DOW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my.