Ki­no­tan­kyt­çy­lar (Cri­tics’ Choice Awards) 2016-njy ýy­lyň iň go­wy fil­mi di­ýip, “La-La Lend” ki­no­sy­ny saý­la­dy. Ýaş re­žiss­ýor Da­mi­en Şa­zel­liň bu ki­no­sy 8 ugur­dan ýe­ňi­ji bol­ma­gy ba­şar­dy. Eý­ýäm­den baý­rak ba­ry­ny ga­za­nan ki­no iň go­wy film, re­žiss­ýor, asyl sse­na­riý (“De­ňiz­dä­ki Man­çes­ter” fil­mi bi­len paý­laş­dy), ope­ra­tor, önüm­çi­lik be­ze­gi, mon­taž, aý­dym (“City of Stars”) we saz ugur­la­ryn­da Ki­no­tan­kyt­çy­la­ryň sy­la­gy­ny eýe­le­di. Iň go­wy akt­ýor we akt­ri­sa baý­rak­la­ry de­giş­li­lik­de, “De­ňiz­dä­ki Man­çes­ter” fil­min­dä­ki keş­bi üçin Keý­si Aff­le­ge hem-de “Je­ki” fil­mi­niň ýyl­dy­zy Na­ta­li Port­ma­na gow­şu­ryl­dy. Ma­her­şa­la Ali (“Aýyň ýag­ty­sy”) bi­len Wio­la De­wis (“Gö­ze­nek­ler”) ikin­ji plan­da­ky iň go­wy akt­ýor we akt­ri­sa diý­lip saý­lan­dy. 1 mil­liard dol­lar­dan gow­rak gir­de­ji ga­za­nan “Haý­wan­lar şä­he­ri” mult­fil­mi iň go­wy ani­ma­si­ýa, “Şol ze­nan” at­ly fran­suz ki­no­sy da­şa­ry ýurt di­lin­dä­ki iň go­wy film baý­rak­la­ry­nyň eýe­si bol­dy. “Ded­pul” fil­mi­niň iň go­wy ko­me­di­ýa diý­lip saý­la­nan da­ba­ra­syn­da “Gel­mi­şek­ler” iň go­wy yl­my-fan­tas­tik, “Sö­weş jül­ge­si” iň go­wy uruş­ly ki­no diý­lip yg­lan edil­di. “Tagt oýun­la­ry” iň go­wy dra­ma se­ria­ly saý­la­nan bol­sa, “Si­li­kon jül­ge­si” iň go­wy ko­me­di­ýa se­ria­ly baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy. Keýt Mak­Kin­non (“Sa­tur­day Night Live”) ko­me­di­ýa se­ri­al­la­ry­nyň, Ewan Ra­çel Wud (“Gün­ba­ta­ryň wag­şy dün­ýä­si”) dra­ma se­ri­al­la­ry­nyň iň go­wy akt­ri­sa­sy diý­len ugur­da ta­pa­wut­lan­dy. Akt­ýor­lar­dan Dan­ni Glo­wer hem-de Bob Oden­kirk bu hor­ma­ta la­ýyk gö­rül­di. Kaliforniýada geçirilen şow­hun­ly da­ba­ra­da 30-dan gow­rak baý­rak gow­şu­ryl­dy.