Uky her bir adamyň esasy zerurlygydyr we ylmy subutnamalara görä ukynyň hili we dowamlylygy ömrüň dowamlylygynyň açarydyr. Uky ýetmezçiligi adamyň semremegine we beýleki käbir nähoşluklara sebäp bolup biler. Hünärmenleriň pikirine görä, uky ýetmezçiligi dünýä ilatynyň 45 göterimine öz täsirini ýetirýär. Şonuň üçin wagtly-wagtynda ýatmak hemmeler üçin möhümdir. Bilermenleriň bellemegine görä, ulular günde azyndan 7 sagat uklamaly. Genetiki faktorlar sebäpli diňe az sanly adam günde 6 sagatdan az uklaýar. Çagalaryň doly dynç almagy üçin olar 8 sagatdan 17 sagat aralygynda uklamaly. Täze doglan çagalara zerur uky möçberi günde 14-17 sagat, 4 aýdan 1 ýaşa çenli çagalar 12-16 sagat uklamalydyrlar. 1-2 ýaşly çagalar günde 14 sagat, 3-5 ýaşly çagalar azyndan 10 sagat uklamalydyrlar. Mekdep ýaşyndaky çagalar (6-12 ýaş) günde 9-12 sagat uklamalydyrlar. Ýetginjekler (13-18 ýaş aralygyndaky çagalar) barada aýdylanda bolsa, olaryň ukusy günde azyndan 8 sagat bolmaly.
Merjen ORAZOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.