Ispaniýaly meşhur suratkeş Pablo Pikassonyň 11 eseri ABŞ-nyň Newada ştatynyň Las Wegas şäherinde geçirilen auksionda satyldy. Şol 11 eseriň 9-sy kartina bolup, beýleki ikisi keramik eserdir. 11 eseriň arasyndan iň gymmady “Gyzyl-mämişi papakly zenan” kartinasy bolup, suratkeş onuň söýgülisi Marie Terse Woltere bagyşlap çekipdir. Bu eser auksionda 40,5 million dollara satyn alyndy. Umumylykda Pikassonyň 11 eseri üçin tölenen pul mukdary 110 million dollardan hem köp boldy.