Sişenbe güni ýaýradylan maglumatlara görä, tehnologiýa ägirtleri “Microsoft” we “Alphabet” (“Google”-a eýeçilik edýär) kompaniýalarynyň ýylyň üçünji çärýegindäki girdejileri bilelikde 110,4 milliard dollar bolupdyr. Iki tehnologiýa ägirdi geçen ýylyň üçünji çärýegine garanyňda 33 göterim ösüş gazanypdyr. Pandemiýa döwründe syýahat we bölek satuw tendensiýalary sebäpli uzak aralykdan işlemäge geçilmegi “Google”-yň mahabatdan alýan girdejisini ýokarlandyrypdyr. Bu kompaniýanyň umumy girdejisi 22 göterim ösüş gazanyp, 45,32 milliard dollar bolupdyr. Bilermenler degişli döwürde 43,97 milliard dollar girdejä garaşýardylar. Üç aýyň dowamynda 20,51 milliard dollar arassa peýda gazanylypdyr. Kompaniýa her paýnama üçin 2,71 dollar girdeji, 2,07 dollar arassa peýda gazanypdyr.

Mundan ozal “Facebook” kompaniýasy hem çärýeklik girdejisini mälim edipdi. Ertir, 28-nji oktýabrda “Apple” we “Amazon” hem girdejileri barada maglumat ýaýradar.