Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ni yg­lan edip, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýe­we söz ber­di. Ol ha­sa­bat döw­rün­de ýur­du­my­zyň go­ra­nyş uky­by­ny ber­kit­mä­ge hem-de Mil­li go­şu­ny­my­zyň kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn har­by öz­gert­me­le­riň çäk­le­rin­de gör­len anyk çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­mi­ziň Be­lent Serkerdebaşysynyň «Ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy geç­ýän har­by gul­luk­çy­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­rin­den, beý­le­ki go­şun­la­ryn­dan we har­by eda­ra­la­ryn­dan har­by gul­luk­dan bo­şat­mak we Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­la­ry­nyň har­by gul­lu­ga no­bat­da­ky ça­gy­ry­ly­şy ha­kyn­da» Per­ma­ny­nyň düz­gün­le­ri­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da hem ha­bar be­ril­di.
Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň ýol­baş­çy­sy ýur­du­my­zyň Har­by-de­ňiz güýç­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da-da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na hä­zir­ki za­man gä­mi­le­ri­ni gur­mak bo­ýun­ça tek­lip­ler hem-de tä­ze gä­mi­le­riň tas­la­ma­la­ry we nus­ga­la­ry­nyň şe­kil­le­ri hö­dür­le­nil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­nyň äh­mi­ýe­ti­ne ün­si çek­di. Bu dokt­ri­na döw­le­ti­mi­ziň pa­ra­hat­çy­lyk­ly we asu­da dur­mu­şy­nyň, Wa­ta­ny­my­zyň ok­gun­ly dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň, ony hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de öň­dä­ki orun­la­ra çy­kar­ma­gyň ke­pi­li bo­lup hyz­mat ed­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ýa­rag­ly Güýç­le­riň äh­li go­şun dü­züm­le­ri­niň, şol san­da Har­by-de­ňiz güýç­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny Türk­me­nis­ta­nyň di­ňe go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­sy­na la­ýyk­lyk­da pug­ta­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, Wa­ta­ny­my­zyň de­ňiz ser­het­le­ri­ne gö­zeg­çi­lik ed­ýän har­by gä­mi­le­ri hä­zir­ki za­man teh­ni­ki se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün et­mek me­se­le­si­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy mi­nist­re tab­şyr­dy.
Baş pro­ku­ror B.At­da­ýew ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ka­nu­ny­ly­gyň, adam hu­kuk­la­ry­nyň hem-de azat­lyk­la­ry­nyň ber­jaý edil­me­gi ug­run­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len kö­pu­gur­ly iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, dü­züm­le­ýin eda­ra­la­ra san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak, iş­gär­ler dü­zü­mi­ni pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, mi­nistr­lik­ler­de we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ryn­da ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.
Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ta­kyk pro­ku­ror gö­zeg­çi­li­gi­ni ama­la aşyr­ma­gyň, ka­nun bo­zul­ma­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­ma­gyň hem-de ara­dan aýyr­ma­gyň we ola­ryň öňü­ni al­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di. Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy bu dü­zü­miň üs­tü­ne ýük­le­nen we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek üçin gul­luk borç­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge tu­tan­ýer­li çe­me­leş­ýän ýo­ka­ry hü­när­li hü­när­men­le­riň iş­le­me­li­di­gi­ni aý­dyp, Baş pro­ku­ro­ra de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra içe­ri iş­ler mi­nist­ri Ö.Ho­ja­ny­ýa­zow on aýyň do­wa­myn­da ge­çi­ri­len iş­ler hem-de düz­gün bo­zul­ma­la­ry­nyň öňü­ni al­ma­ga we ýur­du­myz­da jem­gy­ýet­çi­lik ter­ti­bi­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem ýan­gyn howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek we Döw­let ýol gö­zeg­çi­li­gi gul­lu­gy­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ry­lan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Serkerdebaşysy ha­sa­ba­ty diň­läp, ka­nun­çy­ly­gyň we ter­tip-düz­gü­niň ber­jaý edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Hor­mat­ly Prezidentimiz ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy bi­len bag­ly me­se­le­le­ri he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny aý­dyp, ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň öňü­ni al­ma­ga gö­nük­di­ri­len çä­re­le­riň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di.
Mil­li Li­de­ri­miz Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň äh­li dü­züm­le­ýin eda­ra­la­ry­na işiň döw­re­bap gu­ra­ma­çy­lyk gör­nüş­le­ri­niň we usul­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy­ny ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da kes­git­läp, mi­nist­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy G.Us­sa­ne­pe­sow mil­li ka­zy­ýet ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça şu ýy­lyň ýan­war-okt­ýabr aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ata Wa­ta­ny­my­zyň düýp­li we oňyn öz­gert­me­ler ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my ka­bul edi­len ka­da­la­ry­na la­ýyk gel­ýän ka­nun­çy­lyk şol öz­gert­me­le­riň yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ka­nu­ny­ly­gy, ada­lat­ly­ly­gy hem-de ter­tip-düz­gü­ni üp­jün et­me­giň ka­zy­ýet işi­niň esa­sy mak­sat­la­ry bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­läp, Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň ýol­baş­çy­sy­na ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň ýo­ka­ry hi­li­ni we des­sin­li­gi­ni üp­jün et­mek, ka­zy­ýet­le­riň üs­tü­ne ýük­le­ni­len we­zi­pe­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak me­se­le­le­ri­ni he­mi­şe gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri G.An­na­ýew 2021-nji ýy­lyň on aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň jem­le­ri, Ga­raş­syz türk­men döw­le­ti­niň ga­za­nan­la­ry­ny yg­ty­bar­ly go­ra­mak, dur­nuk­ly jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy ýag­da­ýy üp­jün et­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ry­lan çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň eda­ra­nyň işin­de öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­jeň ulan­mak ba­bat­da be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da hem aý­dyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, mil­li howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek ul­ga­myn­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­nyň içer­ki dur­nuk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga, Di­ýa­ry­my­zyň dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de eýe­le­ýän or­nu­ny has-da ber­kit­mek üçin ze­rur yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy we har­by kuw­wa­ty art­dyr­ma­ga ýar­dam et­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Soň­ra Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy Ý.Nu­ry­ýew ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­mi­niň şu ýy­lyň on aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri hem-de ýur­du­my­zyň gu­ry­ ýer we de­ňiz ser­het­le­ri­ni yg­ty­bar­ly go­ra­mak bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des ser­het­le­ri­ni dost­luk we do­gan­lyk ser­he­di di­ýip yg­lan edip, äh­li döw­let­ler, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, goň­şy ýurt­lar bi­len oňyn gat­na­şyk­la­ry we ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy sak­la­ýan­dy­gy­my­zy nyg­ta­dy.
Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­myz Türk­me­nis­ta­nyň çäk bi­te­wü­li­gi­ni hem-de yk­dy­sa­dy bäh­bit­le­ri­ni go­ra­ma­gyň bu eda­ra­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­di­gi­ni bel­läp, kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mek mak­sa­dy bi­len, ser­het go­şun­la­ry­nyň işi­ni döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da gu­ra­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy.
Soň­ra ada­lat mi­nist­ri M.Ta­ga­now he­re­ket ed­ýän ka­nun­la­ry kä­mil­leş­dir­mek, tä­ze ka­nun­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak bi­len bag­ly tek­lip­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ýan­war-okt­ýabr aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri hem-de ra­ýat­la­ra ka­bul edil­ýän ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­nyň mak­sat­la­ry­ny we we­zi­pe­le­ri­ni dü­şün­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn pug­ta­lan­dyr­ma­gyň esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri­di­gi­ni aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baştutanymyz hu­kuk sel­je­riş iş­le­ri­niň döw­le­tiň iş­le­ri­ni do­lan­dyr­ma­gyň hem-de ra­ýat jem­gy­ýe­ti­ni ös­dür­me­giň ze­rur gu­ral­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni nyg­tap, bu ba­bat­da mi­nist­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, mil­li Li­de­ri­miz ra­ýat­la­ryň ara­syn­da güý­je gir­ýän ka­nun­la­ryň ma­ny-maz­mu­ny­ny dü­şün­dir­mek işin­de tä­ze usul­la­ry ulan­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di.
Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy M.Hu­daý­ku­ly­ýew ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler hem-de gul­lu­gy teh­ni­ki taý­dan döw­re­bap­laş­dyr­mak we iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Da­şa­ry yk­dy­sa­dy amal­la­ry ha­sa­ba al­ma­gyň san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny hem-de mo­ni­to­rin­gi­ni yzy­gi­der­li or­naş­dyr­mak ug­run­da ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di. «2021-2023-nji ýyl­lar­da eks­port-im­port amal­la­ry üçin bir pen­ji­re» at­ly sy­nag tas­la­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça tas­syk­la­ny­lan me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da, da­şa­ry yk­dy­sa­dy işe gat­naş­ýan bir­nä­çe mi­nistr­lik­ler hem-de pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry bi­len bi­le­lik­de top­lum­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy iri hal­ka­ra dü­züm­ler hem-de da­şa­ry ýurt­la­ryň esa­sy ugur­daş gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan çä­re­ler ba­ra­da hem ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, da­şa­ry yk­dy­sa­dy iş­jeň­li­giň ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny we hal­ka­ra ýük da­şa­ma­la­ryň möç­ber­le­ri­niň art­ýan­dy­gy­ny na­za­ra al­mak bi­len, ýur­du­my­za ge­ti­ril­ýän önüm­le­re, ola­ryň bel­le­nen hil ba­bat­da­ky öl­çeg­le­re do­ly la­ýyk gel­me­gi­ne has iç­gin gö­zeg­çi­li­gi üp­jün et­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Mil­li Li­de­ri­miz öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na, güm­rük ter­mi­nal­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga aý­ra­tyn üns ber­me­giň ze­rur­dy­gy­ny aý­dyp, gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na de­giş­li gör­kez­me­le­ri ber­di.
Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy N.Ata­ga­ra­ýew şu ýy­lyň ýan­war-okt­ýabr aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri hem-de eda­ra­nyň öňün­de dur­ýan gaý­ra­go­ýul­ma­syz we­zi­pe­le­ri ne­ti­je­li çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len çä­re­le­riň ama­la aşy­ry­ly­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, döw­le­ti­mi­ziň bu ugur­da­ky sy­ýa­sa­ty­nyň türk­me­nis­tan­ly­la­ryň bäh­bit­le­ri­ni we howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge, hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ra­ýat­la­ry­my­zyň ýur­du­myz­da we onuň çäk­le­rin­den da­şar­da he­re­ket et­mek ba­bat­da­ky hu­kuk­la­ry­nyň ber­jaý edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry Ç.Ama­now har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň şu ýy­lyň on aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri, döw­let Baştutanymyzyň ba­şy­ny baş­lan öz­gert­me­le­ri­ni gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­ga­myn­da dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len gör­len anyk çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­nyň Ba­ga­bat şä­her­çe­sin­de har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň Ho­ja­lyk mü­di­ri­ýe­ti­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.
Wi­se-prem­ýer, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na kö­mek­çi ho­ja­ly­gyň dü­züm­le­ri­niň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry­ny hö­dür­le­di. Kö­mek­çi ho­ja­ly­gyň çäk­le­ri­ni eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­na böl­mek tek­lip edil­ýär, bu ýer­de dür­li oba ho­ja­lyk ekin­le­ri ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­ler, mi­we­çi­lik we üzüm­çi­lik pu­dak­la­ry ös­dü­ri­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­la­ryň äh­li­si bi­len pa­ra­hat­çy­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, giň hyz­mat­daş­lyk sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy we ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de se­çip alan ýo­ly bi­len ynam­ly öňe git­jek­di­gi­ni hem-de dün­ýä döw­let­le­ri, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Mil­li Li­de­ri­miz bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam edip, ýur­du­myz­da ka­nu­ny­ly­gyň, hu­kuk ter­ti­bi­niň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň şah­sy dü­züm­le­rin­de ter­tip-düz­gü­niň ber­jaý edil­me­gi­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hö­dür­le­nen çyz­gy­lar bi­len tan­şyp, bu kün­jek­de eke­ran­çy­ly­gyň, mi­we­çi­li­giň ös­dü­ril­me­gi­niň dag etek­le­ri­niň eko­lo­gi­ýa de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, ýaş es­ger­le­riň har­by gul­lu­gy­nyň zäh­met ter­bi­ýe­si bi­len ut­gaş­dy­ryl­ma­gyn­da aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­di­gi­ni bel­le­di. Mu­nuň özi har­by gul­luk­çy­la­ryň sö­weş­jeň taý­ýar­ly­gy üçin bol­şy ýa­ly, oba ho­ja­lyk ul­ga­myn­da, hu­su­san-da, har­by gul­luk­çy­la­ryň ag­ro­nom­çy­lyk, mal­dar­çy­lyk ýa­ly hü­när­le­ri ele al­ma­gy üçin mö­hüm­dir di­ýip, hor­mat­ly Prezidentimiz wi­se-prem­ýe­re, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry­na anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Mej­lis­de baş­ga-da bir­nä­çe mö­hüm me­se­le­le­re ga­ral­dy hem-de şo­lar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.