Ýur­du­myz­da 6-njy no­ýabr­da äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy ge­çi­ri­ler. Bu möw­süm­de 15 mil­li­on agaç na­ha­ly­ny oturt­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Prezidentimiziň bi­möç­ber ta­gal­la­sy bi­len ýur­du­my­zyň eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny go­wu­lan­dyr­mak ug­run­da hem uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, in­di en­çe­me ýyl­lar­dan bä­ri her ýy­lyň ba­har-güýz pas­lyn­da köp­çü­lik­le­ýin bag na­hal­la­ry­nyň ekil­me­gi­ne ba­dal­ga be­ril­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da to­kaý zo­lak­la­ry bar­ha kö­pel­ýär, te­bi­ga­ty­myz gö­zel­leş­ýär, ho­wa­myz tä­miz­len­ýär.
Ýur­du­my­zyň te­bi­gy we ho­wa aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny na­za­ra alyp to­kaý zo­lak­la­ry­nyň meý­dan­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mek, te­bi­gy baý­lyk­la­ry re­je­li peý­da­lan­mak mak­sa­dy bi­len, döw­le­ti­mi­ziň eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň tas­syk­lan hal­ka­ra eko­lo­gi­ýa mak­sat­na­ma­la­ryn­dan we kon­wen­si­ýa­la­ryn­dan ge­lip çyk­ýan borç­na­ma­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň 2021-2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­sy taý­ýar­la­nyl­dy.

Di­ýa­ry­my­zyň te­bi­gy ekoul­ga­my­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry we top­rak-ho­wa şert­le­ri na­za­ra al­nyp, mak­sat­na­ma­da, Türk­me­nis­ta­nyň To­kaý ko­dek­si­ne la­ýyk­lyk­da, to­kaý ho­ja­lyk­la­ryn­da, döw­let te­bi­gy go­rag­ha­na­la­ryn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­jek bag na­hal­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri, ýur­du­myz­da to­kaý­çy­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­jek yl­my-bar­lag iş­le­ri­niň, gu­ra­ma­çy­lyk çä­re­le­ri­niň ugur­la­ry, ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­ma­gyň me­ýil­na­ma­sy kes­git­le­nil­di.
Hä­zir­ki döw­rüň wa­jyp we­zi­pe­le­ri­niň ne­ti­je­li çöz­gü­di­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da mö­hüm orun eýe­le­ýän ýur­du­myz te­bi­ga­ty go­ra­mak, şol san­da BMG-niň we onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri­niň çäk­le­rin­de ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len anyk baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýär.
Şu ýyl mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ekil­ýän bag na­hal­la­ry­nyň möç­be­ri­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, ýur­du­myz­da sa­ýa­ly, pür­li, mi­we­li bag­la­ryň we üzü­miň 30 mil­li­on düýp na­ha­ly­ny oturt­mak me­ýil­leş­di­ril­di. Şu ýy­lyň ýaz­ky bag ek­mek möw­sü­min­de 15 mil­li­on­dan gow­rak bag na­hal­la­ry ekil­di. Hä­zir­ki wagt­da güýz­ki bag ek­mek möw­sü­mi­ne taý­ýar­lyk gö­rül­ýär.
Ge­çen ýyl­ he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 25 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ýur­du­myz­da je­mi 25 mil­li­on düýp bag na­ha­ly­nyň otur­dyl­ma­gy, bu ýyl onuň sa­ny­nyň has-da art­dy­ryl­ma­gy dün­ýä nus­ga­lyk hem-de aba­dan gel­je­ge gö­nük­di­ri­len iş­ler­dir.
Ýy­lyň-ýy­ly eki­lip, ta­la­ba­la­ýyk ide­di­lip, gün­sa­ýyn boý al­ýan to­kaý zo­lak­la­ry oba-kent­le­ri­mi­ziň, eda­ra-kär­ha­na­la­ryň, ýol­la­ry­my­zyň gy­ra tö­we­rek­le­ri­ni be­ze­ýär, ýur­du­my­zyň eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy üp­jün edil­ýär. Ýur­dy­myz­da te­bi­ga­ty go­rap sak­la­ma­ga we eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len döw­let sy­ýa­sa­ty hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga iter­gi ber­ýär.
Şu aýyň 1-ne san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ren iş mas­la­ha­tyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy­nyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek ba­ra­da tab­şy­ryk ber­di. Köp­çü­lik­le­ýin bag ek­mek mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­lan­yşyk­ly ýü­ze çyk­ýan ýa­ra­maz tä­sir­le­re gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça bü­tin­dün­ýä çä­re­si­ne iş­jeň go­şul­mak­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça köp­çü­lik­le­ýin bag ek­mek çä­re­si­ne iş­jeň gat­na­şyp, eziz Di­ýa­ry­my­zyň ba­gy-bos­san­ly­ga büren­me­gi­ne go­şant goş­mak bi­ziň her bi­ri­miz üçin mu­kad­des borç­dur.