4-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň söwda toplumyndaky işleriň ýagdaýyna hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjow, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Maslahatda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Çaryýew durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynyň çäginde ýurdumyzyň eksportyny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmak, daşary söwdanyň gerimini giňeltmek boýunça giň möçberli işleriň amala aşyrylýandygy barada hasabat berdi.
Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda 248 sany birža söwdasy amala aşyrylyp, olarda 2082 geleşik baglaşyldy.
Hasabat döwründe hasaba alnan eksport-import şertnamalarynyň umumy bahasy 23 milliard 372 million manada deň bolup, olardan eksport şertnamalary amallaryň 23,8 göterimini, import şertnamalary amallaryň 76,2 göterimini düzýär.
Milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, biržada elektron resminama dolanyşygy ornaşdyryldy. Elektron resminama dolanyşygynyň, şertnamalary bellige almagyň, birža söwdalaryny sanly ulgam arkaly geçirmek üçin ulgamy tehniki taýdan işläp taýýarlamak we işe girizmek maksady bilen halkara bäsleşik yglan edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edara hökmünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.