4-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň söwda toplumyndaky işleriň ýagdaýyna hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjow, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, söwda toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady. Halkymyzyň abadançylygyny we azyk bolçulygyny üpjün etmek köp babatda bu ulgamyň üstünliklerine baglydyr.
Döwletimiz söwda, dokma pudagyny hem-de telekeçiligi ösdürmäge köp möçberlerde maýa goýumlaryny goýýar. Muňa garamazdan, heniz bu ugurda ulanylmaýan mümkinçilikler örän köp diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa söz berdi. Wise-premýer söwda toplumynda şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 118,8 göterime barabar boldy, öndürilen önümleriň ösüşi 118,2 göterim ýerine ýetirildi.
Dokma senagaty ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 120,8 göterime, nah matalaryň öndürilişi 105,3 göterime, tikin we örme önümleriniň önümçiligi 117,6 göterime, gön önümleriniň öndürilişi 105,6 göterime barabar boldy.
«Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 110,9 göterim berjaý edildi.
Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar — oktýabr aýlarynda 248 birža söwdasy geçirilip, 26 müň 341 şertnama hasaba alyndy.
Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 105,5 göterime deň boldy. Hasabat döwründe 8 sergi we 37 maslahat geçirildi.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar — oktýabr aýlarynda senagat önümlerini öndürmegiň ösüşi 134,6 göterime, oba hojalyk we azyk önümleri boýunça ösüş 119,5 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, amala aşyrylmaly işler boýunça birnäçe tabşyryklary berip, söwda ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň ýurdumyzda öndürilýän önümleriň ýeterlik möçberinden artyk bölegini eksporta ibermekden, bazarlaryň işinde sazlaşyklylygyň üpjün edilmegini gazanmakdan, ilatyň azyk önümleri bilen üpjünçiligini has-da pugtalandyrmakdan ybaratdygyny belledi. Şu işlerde halkyň hal-ýagdaýy we abadançylygy ykdysady bähbitden ileri tutulmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.