Şwesiýanyň maliýe ministri Magdalena Andersson häkimiýetdäki Sosýal demokrat partiýanyň ýolbaşçysy hökmünde saýlandy. Andersson hökümet başlygy wezipesinden çekilen Stefan Löfweniň hem ýerine geçer. 54 ýaşly Andersson munuň üçin parlamentiň wekilleri tarapyndan tassyklanmaly bolar. Soňra ýurduň täze hökümetiniň agzalaryny kesgitlär.

Hereket edýän kanunçylyga görä, ýurduň hökümet başlygy parlamentde geçirilen ses berişlik netijesinde kesgitlenýär. Häzirki wagtda ýurtda iki partiýadan ybarat koalisiýa bar. 63 ýaşly Löfwen parlameniň başlygyna işden çekilendigini mälim edip, täze hökümeti gurmagy üçin ýerine Andersson teklip etmeli bolar. Bu baradaky wagt jedweli häzirlikçe mälim edilmedi.

2014-nji ýyldan bäri hökümet başlygy wezipesini ýerine ýetirýän Löfwen awgust aýynda işden çekiljekdigini mälim edipdi.

Löfwen 2012-nji ýylda 349 orunly parlamentiň 100 mandatyna eýe bolan Sosýal demokrat partiýanyň ýolbaşçysy bolupdy.