Häzirki wagtda dünýäde daşky gurşawy aýawly saklamak, ony goramak we tebigatyň hapalanmagynyň öňüni almak ugrunda tagallalar edilýär. Şeýle döwürde daşky gurşawa zyýan bermeýän önümleriň önümçiligi barha artýar. Şunuň bilen baglylykda, tebigatda dargaýan sakgyç öndürildi. Ol agaç şepbiginden we arynyň mumundan taýýarlandy. Bu babatda degişli işleri awstriýaly innowasion kompaniýa alyp bardy. Adaty sakgyçlaryň düzüminde plastik bolup, tebigatda uzak wagtlap dargamaýar. Kähalatda ownuk jandarlar we guşlar ýere taşlanan sakgyjy iýip, heläk bolup bilýär.
Tebigatda dargaýan sakgyja süýjetmek üçin berýoza şekeri, hoşboý ys bermek üçin efir ýagy goşulýar. Ony 4 görnüşde – narpyz, ýertudana, arça we dalçyn tagamly edip taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Şeýle sakgyçlar 3 ýewrodan satuwa çykaryldy.
Maksat BEGMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.