2022-nji ýylda syýahat etmek üçin iň özüne çekiji ýurtlaryň sanawy düzüldi. Sanaw «Lonely Planet» kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlandy we kompaniýanyň resmi web sahypasynda çap edildi.
Sanawda Kuk adalary birinji, Norwegiýa ikinji, Mawrikiýa üçünji orny eýeleýär.
Hünärmenleriň pikirine görä, Kuk arhipelagy kenar ýakasynda dynç almagy arzuw edýänler üçin iň amatly mesgen hasaplanýar. Bulardan başga-da, syýahat üçin iň oňat we amatly şäherler hem saýlandy. Olar – Oklend (Täze Zelandiýa), Taýpeý (Taýwan), Fraýburg (Germaniýa), Atlanta (ABŞ) we Lagos (Nigeriýa) ýaly şäherlerdir.
Amandursun HALLYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.