Ylmy tema bagyşlanan “Science” žurnaly paýawlaýan 2016-njy ýylyň has ähmiýetli açyşlarynyň sanawyny neşir etdi. Neşiriň hünärmenleriniň pikirine görä, olaryň iň esasysy grawitasion tolkunlaryň ýüze çykarylmasydyr. Öz barlaglarynda LIGO detektoryny ulanan alymlar toparyna şeýle tolkunlary ýüze çykarmak başartdy. “Science” žurnalynyň redaksiýasy grawitasion tolkunlaryň açylmagyny uzak we agyr zähmetden soňra başa baran ylmy üstünlik hasaplaýar.
Žurnalyň maglumatlaryna görä, hatda Eýnşteýn hem şunuň ýaly tolkunlaryň bardygy ýa-da boş düşünjedigi hakda ikirjiňlenipdir. Ol “Şeýle tolkunlar bar hem bolsa, olary ýüze çykarmak aňsat başartmaz” diýip aýdypdyr.
Grawitasion tolkunlaryň ýeke-täk çeşmesi wagtyň giňişliginde ujypsyz yrgyldylary emele getirýän jübüt ýyldyzlar bolup durýar. Häzir onuň üsti açylyp, gelejekde kosmosy özleşdirmekde täze ugurlary açmaga ýardam berjek grawitasion tolkunlaryň has çuňňur barlaglary amala aşyrylar.