Af­ri­ka­da­ky Sa­ha­ra çö­lü­ne gar ýag­dy. Bu seý­rek duş gel­ýän ýag­daý ikin­ji ge­zek gaý­ta­lan­ýar. Mun­dan ozal, 1979-njy ýyl­da şeý­le te­bi­gy wa­ka bo­lup ge­çip­di. Bu te­bi­gy wa­ka­nyň su­ra­ty­ny su­rat­çy Ka­rim Bu­şe­tat in­ternetdäki saýtynda ýerleşdirdi.
Su­rat­da gör­nü­şi ýa­ly, Al­ži­riň Aýn-Sef­ra şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da­ky çö­lüň na­rynç reňk­dä­ki gu­mu­ny ak gar bü­räp­dir. Bu keşbe syn eden mä­hel­le bir­ba­da haý­ran ga­lyp­dyr. Ýö­ne gy­nan­sak-da, emele gelen te­bi­gy özboluşlylyk uzak do­wam et­me­di. Çö­li be­zän gar ag­şa­ma çen­li eräp­dir.
Sa­ha­ra çö­li dün­ýä­niň iň ys­sy hem-de tut­ýan meý­da­ny bo­ýun­ça iň uly çöl­le­ri­niň bi­ri­dir. Ol Af­ri­ka yk­ly­myn­da ýer­le­şip, onuň meý­da­ny 8,6 mil­li­on ine­dör­dül ki­lo­met­re ba­ra­bar­dyr. Ol Af­ri­ka­nyň meý­da­ny­nyň 30 gö­te­ri­mi­ni eýe­le­ýär. Onuň gün­ba­tar bö­le­gi­ni At­lan­tik um­ma­ny ýuw­ýar, de­mir­ga­zyk­da At­las dag­la­ry hem-de Or­ta­ýer deň­zi bi­len ara­çäk­leş­ýär, gün­do­gary bol­sa, Gy­zyl de­ňzi bi­len ser­het­leş­ýär.