Ýaponiýanyň “Fugaku” superkompýuteri soňky geçirilen synagda tizlikdäki ornuny saklap galdy. Mälim bolşy ýaly, ýörite maksatlar üçin ulanylýan kompýuterlere baha berýän «TOP500» atly sanaw her ýylda iki gezek taýýarlanýar. Bu sanawy taýýarlamak üçin olaryň bir sekuntda ýerine ýetirýän amallary synagdan geçirilýär. Ýaponiýanyň “Fugaku” kompýuteri sekuntda 442,010 teraflop tizlige ýetdi. Ýagny sekuntda 440 katrilliondan gowrak amaly ýerine ýetirendigini görkezýär. Ýeri gelende bellesek, “Fugaku” geçen ýylyň iýun we noýabr aýlaryndaky sanawda hem birinji bolupdy. Şeýlelikde hasaplaýyş tehnikasynyň tizligi iň ýakyn bäsdeşi, ABŞ-nyň “Summit” kompýuterinden 3 esse ýokary boldy.
“Fujitsu” kompaniýasy tarapyndan öndürilen kompýuterde 7,6 milliondan gowrak ýadro bar. Kompýuter ýurduň Kobe şäherindäki “Rikagaku” ylmy-barlag institutynda (RIKEN) ýerleşýär.