Täze ulanylmaga berlen «Garagum» otelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

Işewür, wagt tapyp kabul edendigi üçin, döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga tüýs ýürekden buýsanýandygyny hem-de milli Liderimiziň bildirýän ynamyna uly sarpa goýup, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary edýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda türkiýeli işewür toparlaryň wekilleri bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi. Köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda dürli ulgamlarda bilelikde işlemegiň üstünlikli tejribesi toplandy. “Rönesans Holding” kompaniýasy Türkmenistanda işlän ýyllarynda möhüm düzümleýin desgalaryň birnäçesiniň gurluşygyny amala aşyrdy. Şol desgalaryň hatarynda köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” oteli hem bar.

Hormatly Prezidentimize kompaniýanyň işine beren ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Erman Ylyjak “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýurdumyz bilen uzak möhletleýin esasda özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändigini, milli Liderimiziň başyny başlan, Türkmenistanyň innowasion ösüşine, onuň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny mundan beýläk-de durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çalyşýandygyny tassyklady.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady ep-esli berkidildi. Onuň işine dolandyryşyň döwrebap usullary we innowasiýalary ornaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, suw süýjediji desgalaryň gurluşygynda ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny netijeli ulanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde türkiýeli hyzmatdaşlaryň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Işewür dünýä giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýan Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleri durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtap, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň işjeň, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyna degişli kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň döredilmeginiň ýardam edýändigini belledi.

Soňra iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň gatnaşmagynda dowam etdi. Onda Türkmenistanda täze elektrik stansiýalaryny gurmaga hem-de bu ugurda bilelikdäki işleri amala aşyrmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, “Rönesans Holding” kompaniýasy ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde Mary welaýatynda “Marykarbamid” zawodynyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda sebitde deňi-taýy bolmadyk elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşdy.

Işewür milli Liderimize türk kompaniýasynyň ýurdumyzda amala aşyrýan işleri barada hasabat berip, Türkmenistanyň elektrik energetika pudagyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny nygtady.