Hormatly Prezidentimiz
2017-nji ýyly “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýip teklip etdi. Munuň özi üstümizdäki ýylyň has uly üstünliklere beslenjekdigini, türkmen türgenleriniň ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende galdyrjakdygyny alamatlandyrýar.
2016-njy ýyl hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly hökmünde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysynda müdimilik orun aldy. Bereketli türkmen topragynda yzda galan ýylda amala aşyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalary halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulanmagyna hem-de ýurdumyzyň dünýädäki abraýynyň has-da berkemegine saldamly goşant goşdy. 2016-njy ýylda makroykdysady görkezijiler boýunça oňat netijeler gazanyldy. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýerli önümçiligiň sazlaşykly ýola goýulmagy halkara maliýe guramalarynyň hem ýokary bahasyna mynasyp boldy.
2016-njy ýyly oňat netijeler bilen tamamlap, 2017-nji ýyla gadam basdyk. Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabat Aziýanyň sport paýtagtyna öwrüler. Sebäbi, şu ýylyň güýzünde Merkezi Aziýada ilkinji gezek biziň döwletimizde yklymyň iri sport ýaryşy – “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.” diýen şygar astynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz 2017-nji ýyly “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýip teklip etdi. Munuň özi üstümizdäki ýylyň has uly üstünliklere beslenjekdigini, türkmen türgenleriniň ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende galdyrjakdygyny alamatlandyrýar.
Şeýle hem üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda-da möhüm wakalaryň ýene-de biri bolar. Milli demokratiýanyň dabaralanmagynyň şaýady bolarys. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçiriler, olara taýýarlyk görmek güýçli depginde dowam edýär. Ýurdumyzda saýlawlaryň öňýanyndaky möwsüm dowam edýär, onuň barşynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň dokuzysy bellige alyndy, şu günler olar milli telewideniýede we merkezi metbugatda maksatnamalary bilen çykyş edýärler. Ýakyn wagtda saýlawçylar bilen duşuşyklar başlanar. 12-nji fewralda bolsa, her bir türkmenistanly geljegiň öňünde ähli jogapkärçiligi bilen öz erk-islegini beýan edip, eziz Watanymyzyň we tutuş halkyň geljekki ykbaly üçin umyt baglaýan adamy üçin öz sesini berer.
Hormatly Prezidentimiz 2017-nji ýylda boljak ýokarda agzalyp geçilýän uly wakalary nazara almak bilen, ony “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýen şygar astynda geçirmegi teklip etdi. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan ýyly ýurdumyzyň häzirki ösüşini we rowaçlygyny, halkymyzyň abadançylygyny has-da belende galdyrar.
2017-nji ýylyň şygarynda iki düşünje – sagdynlyk we ruhubelentlik sazlaşykly utgaşýar. Munuň özi kanunalaýyklykdyr: sagdyn adam ägirt uly meýilnamalary düzmek bilen çäklenmän, eýsem, olary amala aşyrmak höwesine hem eýe bolýar. Sagdyn jemgyýet – bu ruhubelent we maksada okgunly adamlaryň jemgyýeti bolup, olar umumymilli maksatlaryň daşynda jebisleşýär, ol ýurtda durnukly durmuş-syýasy ýagdaý hem-de durnukly ösüş, raýat we demokratik kämilligi bolup durýar.
Ruhubelentlik – bu “uçgunjyk” bolup, ol islendik işe, zähmete, maksada paýhasyň, erk-islegiň we döredijilik ylhamyň gujur-gaýratyny çaýýar. Garaşylyşy ýaly, ýylyň maksatnamasyna sagdynlyk, işjeň durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmagy, köpçülikleýin bedenterbiýe – sport hereketini wagyz etmegi, milletiň medeni we ruhy maýasyny artdyrmagy ugur edinýän çäreler girer.
Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynyň esasy wezipeleriniň hatarynda durmuş ähmiýetli taslamalary, şol sanda çagalary sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek, watançylygy terbiýelemek, ösüp gelýän nesli ruhy-ahlak taýdan ösdürmek boýunça taslamalary goldamak ýaly wezipeler bar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns bermegi netijesinde, ilatyň saglygyny goramak meseleleri diňe lukmançylyk ulgamyna degişli bolman, jemgyýetçilik, döwlet hem-de şahsy häsiýetli ileri tutulýan derejelere geçip, durmuş-ykdysady ösüşiň hemme taraplaryny we ugurlaryny gurşap aldy.
Onuň merkezinde bolsa, adam, durmuşyň mynasyp şertleri durýar. Şoňa görä-de, bu gün, bir tarapdan, saglygy goraýyş ulgamynda döwlet syýasaty, şol sanda her kimiň öz saglygyna jogapkärçiliginiň ýokarlanmagyny göz öňünde tutýan bolsa, beýleki tarapdan, döwlet munuň üçin hemme şertleri, giň mümkinçilikleri döredip, ählitaraplaýyn goldaw berýär.
Saglygy goraýyş syýasaty daşky gurşawy goraýyş ulgamynda, ykdysady we bilim syýasatynda, medeni hem-de ruhy ulgamda, sportda berjaý edilýär. Bir söz bilen aýdylanda, ol adamlaryň beden we ruhy taýdan doly bahaly sagdyn bolmagy üçin ähmiýetli bolan ähli ugurlary öz içine alýar. Köpçülikleýin bedenterbiýe hereketi hem, ýurdumyzyň azyk ulgamynyň düzüminiň we görnüşleriniň gowulandyrylmagy hem, arassaçylyk-ekologiýa kadalarynyň üpjün edilmegi hem, adamlaryň zähmet çekmek, bilim alyş, durmuş hem-de dynç alyş şertleriniň gowulandyrylmagy hem, maşgalanyň abraýynyň artmagy hem, ahlak gymmatlyklarynyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagy hem diňe tehnologik taýdan lukmançylyk ösüşinden jemgyýete we adama has köp peýda getirýär.
Döwlet Baştutanymyz jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagyny tassyklap, watandaşlarymyza şahsy görelde görkezýär. Sagdynlygyň, işjeň dynç alşyň, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň tarapdary bolan hormatly Prezidentimiz sözüniň işden aýra çykmaýandygyny anyk netijeler bilen subut edýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta çekmek ýurdumyzda amala aşyrylýan çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň hem-de bu ugurda ýokary görkezijilere eýe bolmak ugrunda zerur şertleriň döredilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Döwlet Baştutanymyzyň sport babatdaky maksatnamalaýyn syýasaty oňyn netijesini berýär. Türkmen sporty ösüşiň täze derejesine çykyp, ýurdumyz iri halkara ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülýär.
Ýurdumyzda guralýan köpçülikleýin sport we bedenterbiýe hereketine dürli ýaşdaky adamlaryň müňlerçesi gatnaşýar. Ýaş türkmenistanlylaryň müňlerçesi ýokary netijeli sport bilen yzygiderli meşgullanýar. Olar häzirki döwürde 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçiriljek Aziýa oýunlaryna ykjam taýýarlyk görýärler.
2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek bäsleşikler ýurdumyzda guralýan ilkinji yklymlaýyn ýaryşlardyr. Bu ýaryşlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistan Aziýa Olimpiýa Geňeşi, beýleki halkara guramalary, daşary ýurtlaryň tejribeli hünärmenleri, bilermenleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Munuň özi ýaryşlaryň hemmeler üçin has ýatda galyjy hem-de netijeli bolmagyna kömek eder.
Aziadanyň ýokary derejede geçirilmegi, oňa görülýän taýýarlygyň ýokary hili Türkmenistanyň dünýädäki abraýynyň belende göterilmegine ýardam eder hem-de ýurdumyzda köpçülikleýin sportuň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Hormatly Prezidentimiz Aziadanyň esasy maksatlarynyň biriniň sporty wagyz etmekden ybaratdygyny belläp, onuň ýokary derejede geçirilmeginiň Bitarap ýurdumyz üçin örän ähmiýetlidigini aýdýar. Halkara ýaryşlary ilatyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin zerur şertleri, ýaş nesilleri berk bedenli edip terbiýelemekde oňat mümkinçilikleri döreder hem-de ýokary derejeli türgenleriň taýýarlanylmagyny üpjün eder.
Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigi diňe bir sport ýaryşlaryny geçirmäge niýetlenen desgalar toplumy bolman, eýsem, Türkmenistanyň sport babatda alyp barýan işleriniň möhüm bölegine öwrüler hem-de Aşgabadyň keşbine täze öwüşgin çaýar. Munuň özi beýik ýeňişlere we belent ruha bolan güýjüň, erkiň jemlenmesidir. 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlary müňlerçe täze iş orunlaryny döreder. Içerki hem-de daşarky söwdanyň, işewür we syýahatçylyk çäreleriniň möçberleriniň ýokarlanmagyny üpjün eder. Oýunlara ýardamçy boljak hünärmenleriň umumy sany 11 müňe golaý bolup, olaryň 10 müňüsi meýletin ýardamçylardyr. Aşgabatda geçiriljek yklym ýaryşlary Türkmenistanyň sport abraýynyň belende galmagyny üpjün etmek bilen halkara teleýaýlymlarda, Internet giňişliklerinde ýurdumyzyň giňden wagyz edilmegine, syýahatçylygyň ösdürilmegine, döwletimiziň dünýäniň sport hereketine işjeň goşulyşmagyna kuwwatly itergi berer.
Aşgabatda gurulýan Oilmpiýa şäherjiginde geçiriljek Oýunlar öz tapgyrynda giň gerime eýe bolup, dünýä ýurtlarynyň 62-sinden, şol sanda Okeaniýadan türgenleriň 5 müňden gowragyny bir ýere jemlär, munuň özi Aziadanyň taryhynda deňi-taýy bolmadyk wakadyr.