“Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts her ýylyň tomus we gyş pasyllarynda okalmagyny ,aslahat berýän kitaplarynyň sanawyny aýdýar. Täze ýyl baýramynyň golaýlap gelýändigini nazarda tutup, belli işewür dynç alyş günlerinde okalmaly bäş kitabyň adyny ýaýratdy. Ine, şol kitaplar:

“Müň beýni: aňyň täze nazaryýeti” (A Thousand Brains: A New Theory of Intelligence”), Jeff Hawkins. 1997-nji ýylda “PalmPilot” enjamlaryny öndüren Jeff Hawkins emeli aň barada bitiren işleri bilen meşhurlyk gazandy. Geýtsiň pikirine görä, Hawkins köp ýyldan bäri “maşynlaryň öwrenmegi” babatda işleýär. Bu kitapda Hawkinsiň emeli aňy ösdürmek prosesi baradaky pikirleri bar.

“Kod döwüji” (The Code Breaker), Wolter Aýzakson. Bill Geýtsiň ýolbaşçylyk edýän gaznasy genleriň üstünde işleýän CRISPR taslamasyna köp goldaw berdi. Aýzaksonyň bu kitabynda Nobel baýragynyň eýesi, zenan biohimik Jennifer Daudna we onuň işdeşleri barada gürrüň berilýär.

“Klara we Gün” (Klara and the Sun), Kazuo Işiguro. Angliýada ýaşaýan ýapon romançysy Işiguro bu kitabyny Nobeliň edebiýat baýragyny alandan soňra ýazypdyr. Kitapda syrkaw gyzyň robot bilen dostlugy barada gürrüň berilýär. Kitapdaky wakalar “geljekde” bolup geçýär.

“Hamnet” (Hamnet), Maggi O-Farrell. Zenan ýazyjynyň bu kitabynda dünýä belli iňlis dramaturgy William Şekspiriň durmuşynyň belli bir döwri barada gürrüň berilýär.

“Haýl Meri taslamasy” (Project Hail Mary), Endi Weýer. Awtoryň ylmy-fantastiki kitaplary köplenç, bestseller bolýar. Weýeriň “Marsly” atly eseriniň esasynda filmiň surata düşürilmegi awtoryň meşhurlygyny has-da artdyrýar. Weýeriň soňky eserinde başga Gün ulgamynda oýanýan mugallymyň başdan geçirmeleri barada gürrüň berilýär.