Tehas uniwersitetiniň ylmy işgärleri, Jon Haffakeriň ýolbaşçylygyndaky topar ýakyn geljekde dünýäniň köp ýurtlarynyň ýuwaş-ýuwaşdan Gün batareýasyna geçjekdigini mälim etdiler.
Dünýäde eýýäm, giň ugurly 400 müňden gowrak batareýa bolup, eýýäm köp sanly ýurtlar daşky gurşawa zeper ýetirmän elektrik toguny almagyň aladasyny edýärler. Mundan başga-da, Jon Haffakeriň tassyklamagyna görä, Gün batareýasy bir sagadyň dowamynda 10 megawatt energiýa berip, beýleki energiýa çeşmelerine garanyňda arzandyr.
Onuň sözlerine görä, Gün energiýasy ähli ugurlarda, şol sanda, awtoulag senagatynda -da ulanylar. 2030-njy ýylda dünýä ekologik taýdan howpsuz Gün energiýasyna geçer diýlip garaşylýar. Häzirki wagtda dünýäde energiýanyň alternatiw çeşmeleriniň ulanylmagy 50 göterime çenli artdy.