Ki­tap oňa ga­dyr goý­ýan adam üçin ta­pyl­gy­syz baý­lyk­dyr. Yn­sa­nyň kyn gü­nün­de iň ýa­kyn ýar­dam­çy­sy, akyl ha­zy­na­sy we yg­ty­bar­ly gol­lan­ma­sy ki­tap­dyr. Bu ba­ra­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz – Bi­ziň hal­ky­my­za yl­ma yh­las­ly­lyk we ki­tap­la­ra bo­lan söý­gi my­da­ma mah­sus bo­lup­dyr. Halk ne­sil­den-nes­le ge­çip gel­ýän ki­tap­la­ry gö­zü­niň gö­re­ji ýa­ly go­rap sak­lap­dyr. Bi­ziň ata-ba­ba­la­ry­myz hat­da iň bir çyk­gyn­syz ýag­daý­lar­da hem ki­tap­la­ry iň bir gym­mat­ly zat hök­mün­de duş­man­lar­dan giz­läp­dir­ler – di­ýip bel­le­ýär. Ki­ta­by söý­mek, ylym-bi­li­me sar­pa goý­mak ata-ba­ba­la­ry­myz­dan bi­ze gel­ýän aja­ýyp ýö­rel­ge­le­riň bi­ri­dir.
Ge­çen şöh­rat­ly ta­ry­hy döw­rü­mi­ziň is­len­dik pur­sa­dy­na ser sa­la­nyň­da ki­ta­ba bo­lan hor­ma­tyň aý­ra­tyn­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Ga­ra­han­ly, Gaz­na­ly, Sel­juk we Os­man­ly türk­men döw­let­le­rin­de ki­ta­byň yn­san dur­mu­şyn­da wa­jyp orun tu­tan­dy­gy mä­lim­dir. Şol dö­wür­ler­de gur­lan tä­sin ki­tap­ha­na­lar ýur­du­my­za gel­ýän gaý­ry döw­let­le­riň ra­ýat­la­ryn­da uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­mek bi­len bir ha­tar­da alym­la­ryň jem­le­nen mer­ke­zi­ne öw­rül­me­gi­ne ýar­dam edip­dir.
Gün­do­ga­ryň be­ýik alym­la­ry­nyň jem­le­nen ýe­ri bo­lan Merw en­çe­me ki­tap­ha­na­la­ryň we gym­mat­ly ki­tap­la­ryň gaz­na­sy­na öw­rü­lip­dir. Şol döw­ür­ler­de Mer­we «tä­jir­le­riň hem-de alym­la­ryň şä­he­ri» diý­lip at ber­lip­dir. Ki­tap me­de­ni­ýe­ti­niň gül­läp ösen ýe­ri ha­sap­lan­­ýan Merwi arap ge­og­ra­fy Ýa­kut şeý­le ba­ha­lan­dyr­ýar: «Dün­ýä­niň hiç bir şä­he­rin­de şu­nuň ýa­ly alym­la­ryň we bu ug­ra de­giş­li meş­hur adam­la­ryň top­la­nan ýe­ri ýok­dur». Mu­nuň özi türk­men hal­ky­nyň nä­hi­li şert­ler­de ýa­şan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, bu mu­kad­des­li­ge uly sar­pa go­ýan­dy­gy­nyň ala­ma­ty­dyr.
Ki­tap her dö­wür­de hem hal­kyň gün­de­lik dur­mu­şyn­da uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup­dyr. Ro­wa­ýa­ta gö­rä, bir adam akyl­da­ryň ýa­ny­na ba­ryp, özü­niň dost tu­tun­mak­da ýal­ňyş­ýan­dy­gy­ny aý­dyp­dyr. On­dan mas­la­hat so­rap­dyr. Şon­da akyl­dar ýa­nyn­da du­ran ki­tap­la­ry gör­ke­zip: «Og­lum, ki­tap­dan ýa­kyn dost bol­maz. Ki­tap se­niň her dür­li ýag­da­ýyň­da iň ýa­kyn dos­tuň, syr­da­şyň, mas­la­hat­çyň­dyr. Köp­räk ki­ta­p oka!» – di­ýip jo­gap be­rip­dir.
Ro­wa­ýat­da gör­nü­şi ýa­ly, ki­ta­by köp oka­ýan ada­myň so­wat­ly­lyk de­re­je­si ar­typ, aňy ýi­ti­leş­ýär. Ki­tap­hon adam jem­gy­ýet bi­len gat­na­şy­gyn­da go­wy söz­le­me­gi, me­de­ni­ýet­li, saý­hal­ly bol­ma­gy ba­şar­ýar.
Gol­ýaz­ma­la­ryň, çe­per ede­bi­ýat­la­ryň üs­ti bi­len dil­den-di­le ge­çip, bi­ziň döw­rü­miz­de tä­ze­çe öwüş­gin­le­re eýe bo­lan halk pä­him­le­ri, paý­has dür­dä­ne­le­ri hä­zir­ki wagt­da ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mek­de iň yg­ty­bar­ly se­riş­de­dir.
Ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ga­dy­my ýo­lu­ny do­wam et­dir­mek­de, hal­ky­my­zyň şol san­da ýaş ne­sil­le­riň aň-dü­şün­je­si­niň ýo­ka­ry de­re­je­de bol­ma­gy ba­ba­tyn­da uly ta­gal­la­la­ry ama­la aşyr­ýan hormatly Prezidentimiziň ja­ny sag, be­lent ba­şy aman bol­sun!

Ma­ral Nu­ry­ýe­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.