1769-njy ýylda fransiýaly inžener Fardler Nikola Žozef Kýuno ilkinji bolup, özbaşyna hereket edýän, üç tigirli we bug bilen işleýän ulagy oýlap tapýar. Onuň tizligi sagatda 4-5 km bolup, her 20 km-den bug gazanyny suwdan doldurmaly bolupdyr.
1789-njy ýylda amerikaly Oliwer Ewans öz-özünden hereket eden dört tigirli ulagy oýlap tapýar. Yzky tarapyna pedally tigirler oturdylan bu maşyn gury ýerde hem-de suwda hereket edýän eken. Ulagyň agramy 21 tonna barabar bolupdyr.
1885-nji ýylda benzin bilen işleýän ilkinji motory nemes inženeri Karl Benz oýlap tapýar. Benzinli motoryň oýlanyp tapylmagyndan soň, 1887-nji ýylda benzinli motor bilen hereket edýän ilkinji awtoulagy Gottlib Daimler oýlap tapýar.
Awtomobilleriň köpçülikleýin önümçiligi 1908-nji ýylda amerikaly Genriý Ford tarapyndan “T modeli” ady bilen öndürilip başlanýar.
Awtoulagyň hereket etmegi üçin onuň motorynyň güýçli bolmagy zerurdyr. Motor güýjüni bug, elektrik, gaz ýa-da benzin ýaly energiýa çeşmelerinden alýar. Häzirki wagtda iň köp ýaýranlary benzin bilen işleýän motorlar oturdylan ulaglardyr.