Ýewropadan Katar 2022 Dünýä Kubogyna gatnaşjak soňky 3 ýygyndyny kesgitlejek pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi. Bijä laýyklykda Ýewropanyň soňky 2 çempiony Portugaliýa bilen Italiýanyň ýygyndysy bir toparça düşdi. Bu bolsa ikisinden biriniň, belki-de ikisiniň hem 22-nji Dünýä Kubogyna gatnaşyp bilmejekdigini aňladýar.

Şeýlelikde, “A” toparçada Uels bilen Awstriýa, Şotlandiýa bilenem Ukraina bije çekişdi. Ýeňiş gazanan iki toparyň final duşuşygy Uels ýa-da Astriýanyň meýdançasynda oýnalar.

“B” toparçada Russiýa Polşa bilen duşuşar. Bu bijäniň ýeňiş gazanan topary-da final tapgyrynda öz meýdançasynda Şwesiýa ýa-da Çehiýa bilen güýç synanyşar.

“C” toparça iň agyr toparça bolup, super ýyldyz Kristiano Ronaldonyň ýygyndysy P

ortugal ilki öz meýdançasynda Türkiýe bilen duşuşar. Haýsysy ýeňiş gazansa-da, Ýewropanyň soňky çempiony Italiýa bilen Demirgazyk Makedoniýanyň arasynda duşuşygyň ýeňijisini öz meýdançasynda kabul eder. Başgaça aýdylanda, azyndan Ýewropanyň soňky 2 çempionynyň biri Dünýä Kubogyna gatnaşmaz. Belki-de ikisiniň hem gatnaşmazlygy-da mümkin.

2018-nji ýylda 60 ýyldan soň, Dünýä Kubogynyň daşynda galan Italiýanyň ýygyndysynyň yzly-yzyna 2-nji gezek futbolyň iň uly baýramçylygyny goýbermek howpy bar bolup, olar mundan öň şeýle şowsuzlygy başdan geçirmändiler.

“A”: Uels – Awstriýa, Şotlandiýa – Ukraina; final: Uels/Awstriýa – Şotlandiýa/Ukraina

“B”: Russiýa – Polşa, Şwesiýa – Çehiýa; final: Russiýa/Polşa – Şwesiýa/Çehiýa

“C”: Portugaliýa – Türkiýe, Italiýa – D. Makedoniýa; final: Portugaliýa/Türkiýe – Italiýa/D. Makedoniýa