San­ly­ja gün öň ta­mam­la­nan 2016-njy ýyl­da ki­no muş­dak­la­ry müň­ler­çe fil­me to­ma­şa et­di. Ola­ryň ara­syn­da bi­ler­men­ler­dir muş­dak­lar­dan ýo­ka­ry ba­ha alan­la­ry-da kän, al­ma­dyk­la­ry-da. Ga­dam ba­san 2017-nji ýy­ly­myz­da-da ýe­ne-de ýüz­ler­çe, hat­da müň­ler­çe dür­li gör­nüş­dä­ki film­ler muş­dak­la­ryň dykgatyna ýetiriler. Bu ýyl hem edil öň­ki ýyl­lar­da bol­şy ýa­ly, ozal­dan do­wam ed­ýän film­le­riň no­bat­da­ky bö­lüm­le­ri, Gol­li­wu­dyň yk­dy­sa­dy taý­dan ha­las­gä­ri ha­sap­lan­ýan hy­ýa­ly gah­ry­man­la­ryň tä­ze baş­dan ge­çir­me­le­ri, di­ňe bir kör­pe­le­ri däl, eý­sem, ulu­la­ry-da bi­parh goý­ma­ýan gy­zyk­ly ani­ma­si­ýa­lar, ede­bi­ýat eser­le­ri esa­syn­da taý­ýar­la­nan ki­no­lar, ozal su­ra­ta dü­şü­ri­len film­le­riň ri­meýk­le­ri, dra­ma­lar, ko­me­di­ýa­lar, fan­tas­tik baş­dan ge­çir­me­ler, uruş­ly, tril­ler hem-de sö­weş ki­no­la­ry ek­ran­lar­da peý­da bo­lar. Mah­la­sy, 2017-nji ýyl­da öň­ki ýyl­la­ra ga­ra­nyň­da, ga­ra­şyl­ýan film­le­riň sa­ny ju­da köp.
PRO­KA­TYŇ LÄ­HEŇ­LE­RI
“XXX: Re­turn of Xan­der Cage”: Ýan­war aýyn­da ek­ran­lar­da peý­da bol­jak ozal­da­nam do­wam ed­ýän ki­no­lar­dan “Üç iks” film­le­ri­niň no­bat­da­ky­sy “XXX: Re­turn of Xan­der Cage” ki­no­sy­dyr. Film­de esa­sy keş­bi Gol­li­wu­dyň gör­nük­li akt­ýo­ry Win Di­zel ýe­ri­ne ýe­tir­ýär we oňa bu ge­zek­ki baş­dan ge­çir­me­sin­de Don­ni Ýen, Di­pi­ka Pa­du­ko­ne, Ni­na Dob­rew da­gy ýol­daş­lyk ed­ýär.
“Re­si­dent Evil: The Fi­nal Chap­ter”: Zom­bi film­le­ri­niň ara­syn­da öz­bo­luş­ly orun alan “Re­si­dent Evil” ki­no­la­ry­nyň tä­ze we iň soň­ky nus­ga­sy “Re­si­dent Evil: The Fi­nal Chap­ter” fil­min­de baş keş­bi ýe­ne-de Mi­la Ýo­wo­wiç jan­lan­dyr­ýar. Ek­ran ese­ri­ne 1-nji, 4-nji we 5-nji film­le­ri su­ra­ta dü­şü­ren, şol san­da baş keş­bi jan­lan­dy­ry­jy Ýo­wo­wi­çiň ýan­ýol­da­şy Pol W. S. An­der­son re­žiss­ýor­lyk ed­ýär. Film ýan­war aýy­nyň ahy­ryn­da pro­ka­ta çy­ka­ry­lar.
“The Fa­te of the Fu­rious”: Ýo­ka­ry tiz­lik­li ulag­lar­dan we he­re­ket­li ki­no­lar­dan lez­zet al­ýan­la­ryň söý­gü­li film­ler top­lu­my bo­lan “For­saž”-yň ýe­ne bir bö­lü­mi, has ta­ky­gy, 8-nji filmi ap­relde to­ma­şa­çy­la­ryň dyk­ga­ty­na ýe­ti­ri­ler. Win Di­zel, Dweýn Jon­son, Jeý­son Stet­ham, Taý­re­se Gib­son, Mi­şel Rod­ri­ges, Kurt Ras­sel, Şar­liz Te­ron, El­sa Pa­ta­ki ýa­ly ta­nal­ýan ýyl­dyz­la­ryň dür­li keşp­de çy­kyş eden ki­no­sy­ny F. Ga­ri Greý su­ra­ta dü­şür­di.
“John Wick: Chap­ter 2”: 2014-nji ýyl­da “Jon Wik” ady bi­len halk köp­çü­li­gi­ne ýe­ti­ri­len ki­no­nyň 2-nji bö­lü­mi-de şu ýy­lyň sa­na­wyn­da­ky film­le­riň bi­ri­dir. On­da baş keş­bi bu ge­ze­gem Kea­nu Ri­wes jan­lan­dyr­ýar. Jon bu sa­par ar al­mak üçin Ri­me gaýt­ma­ly bol­ýar. Çad Sta­hels­ki­niň re­žiss­ýor­lyk eden ki­no­syn­da Ri­wes­den baş­ga-da Kom­mon, Lau­rens Fiş­burn hem-de Iýn Mak­Şeýn su­ra­ta düş­ýär. 10-njy few­ral fil­miň gör­ke­zil­jek wag­ty diý­lip bel­le­ni­lip­dir.
“The Mum­my”: “Mu­mi­ýa” at­ly film­ler as­lyn­da 1932-nji ýyl­dan bä­ri dü­şü­ri­lip ge­lin­ýär. Bu ba­ra­da 10-dan gow­rak film ek­ran­laş­dy­ry­lyp, soň­ky üç­le­mä­niň ta­mam­la­nyn­dan bu ýana-da 9 ýyl geç­di. “Univer­sal” şe­re­ke­ti­niň ga­ra­ma­gyn­da­ky tä­ze film­de esa­sy keşp­ler ki­no sun­ga­ty­nyň 2 ägir­di – Tom Kruz bi­len Ras­sel Kro­wa yna­nyl­dy. 9-njy iýun­da pro­ka­ta çy­ka­ryl­jak ki­no­nyň re­žiss­ýory Aleks Kurtz­man.
“Alien: Covenant”: Il­kin­ji­si 1979-njy ýyl­da Rid­leý Skott ta­ra­pyn­dan ek­ran­laş­dy­ry­lan “Gel­mi­şek” fil­mi­niň 6-njy nus­ga­sy maý aýyn­da ki­no­teatr­la­ra ýaý­ra­dy­lar. 2012-nji ýyl­da-da “Pro­me­te­ýi” su­ra­ta alan us­sat re­žiss­ýor Skott 5 ýyl­dan soň, ýe­ne-de 6-njy “Gel­mi­şek­ler” ki­no­sy üçin ka­me­ra­ny ele al­dy. Dün­ýä­de köp muş­da­gy bo­lan bu film­ler top­lu­my­nyň tä­ze gör­nü­şin­de Maýkl Fass­ben­der, Ka­te­ri­na Wo­ter­son, Bil­li Kru­dup, Dan­ni MakB­raýd, Da­mi­en Bi­şir da­gy çy­kyş ed­ýär.
“Pi­ra­tes of the Car­ri­be­an: De­ad Man No Tell Ta­les”: Pro­ka­tyň ägirt­le­rin­den diý­lip gör­ke­zil­ýän “Ka­rib deň­zi­niň ga­rak­çy­la­ry” film­ler top­lu­my­nyň no­bat­da­ky­syn­da Ka­pi­tan Jek Spar­row ýe­ne bir baş­dan ge­çir­mä ga­dam bas­ýar. Os­ka­ryň da­laş­gä­ri nor­we­gi­ýa­ly re­žiss­ýor­lar – Joa­him Ron­ning bi­len Es­pen Sand­ber­giň bi­le­lik­de taý­ýar­la­n ki­no­sy­nyň kas­tin­gin­de Jon­ni Depp, Jeoff­reý Raş, tä­ze­den do­la­nan Or­lan­do Blum bar bo­lup, ola­ryň ha­ta­ry­na Ha­wi­er Bar­dem, Ka­ýa Sko­de­la­rio da­gy hem go­şul­dy. Soň­ky gün­ler­de il­kin­ji 3 film­de çy­kyş eden owa­dan akt­ri­sa Ki­ra Naýt­li­niň-de go­şu­lan­dy­gy ba­ra­da­ky ha­bar­lar ki­no­nyň muş­dak­la­ry­ny diý­seň be­gen­dir­di. Fil­me muş­dak­lar maý aýy­nyň ahy­ryn­dan baş­lap to­ma­şa edip bi­ler­ler.
“Trans­for­mers: The Last Knight”: Ro­bot­la­ryň ara­syn­da­ky sö­we­şiň was­py­ny ýe­tir­ýän “Trans­for­mer­ler” fil­mi­nlerini 4-nji ki­no­dan soň, surata almagy Maýkl Beý bes et­jek­di­gi­ni ha­bar be­rip­di. Ýö­ne ol 2 ýyl ge­çip-geç­män­kä-de, prod­ýu­ser­le­riň is­le­gin­den ýüz dön­dü­rip bil­mä,n 5-nji fil­mi-de taý­ýar­la­dy. Film­de 4-nji ki­no­nyň ýyl­dy­zy Mark Wol­berg, şol san­da Sten­li Tuç­çi, Iza­bel Mo­ner, Joş Du­ha­mel ýa­ly ar­tist­ler dür­li keşp­le­ri jan­lan­dyr­ýar­lar. Pro­kat­dan ýo­ka­ry de­re­je­de gir­de­ji ga­zan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýan ki­no 23-nji iýun­da gör­ke­zi­ler.
“War of the Pla­net of the Apes”: “Maý­myn­lar pla­ne­ta­sy” film­le­ri­niň 3-nji­si “War of the Pla­net of the Apes” iýul aýy­nyň or­ta­la­ry­na pro­ka­ta çy­kar. Mett Ri­we­siň re­žiss­ýor­ly­gyn­da­ky ki­no­da baş keş­bi – Si­zar at­ly maý­my­nyň keş­bi­ni ýe­ne-de En­di Ser­kis jan­lan­dyr­ýar. Sa­byr­syz­lyk bi­len ga­ra­şyl­ýan ki­no­da Wu­di Har­rel­son, Stiw Zan, Gab­ri­el Ça­war­ria da­gy hem dür­li keşp­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär.
“Bla­de Run­ner 2049”: Mun­dan öň­kü­si 1982-nji ýyl­da Rid­leý Skott ta­ra­pyn­dan su­ra­ta al­nan “Bla­de Run­ner” ki­no­syn­da esa­sy keş­bi Har­ri­son Ford jan­lan­dy­ryp­dy. Ha­ly­pa akt­ýor tä­ze film­de-de şol öň­ki keş­bi­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Ýö­ne şol wa­ka­la­ryň üs­tün­den 30 ýyl geç­ýär. Tä­ze ki­no­ny ka­na­da­ly şow­ly çy­kan film­le­riň re­žiss­ýo­ry De­nis Wil­len­ýow ek­ran­laş­dy­rar. Okt­ýabr aýyn­da gör­ke­zil­jek ki­no­da Raýn Gos­ling, Ana de Ar­mas, Ja­red Le­to, Mak­ken­zi De­wis ýa­ly ar­tist­ler hem çy­kyş ed­ýär.
“Kings­man: The Gol­den Circle”: Okt­ýabr aýyn­da ek­ran­la­ra goý­be­ril­jek ki­no­la­ryň ýe­ne-de bi­ri “Kings­man: The Gol­den Circle” bo­lup, as­lyn­da, 1-nji fil­miň pro­ka­ta çy­ka­ny­na en­tek köp wagt hem geç­män­di. 2014-nji ýyl­da­ su­ra­ta al­nan 1-nji film to­ma­şa­çy­la­ryň ýo­ka­ry ba­ha­sy­na my­na­syp bo­lup­dy. Matt­ýuw Wo­nuň re­žiss­ýor­lyk ed­ýän ki­no­syn­da Ta­ron Ejer­ton, Ju­li­an­na Mur, Mark Strong, Hal­le Ber­ri, Ça­ning Ta­tum hem-de Ko­lin Fert da­gy su­ra­ta düş­ýär.
“Star Wars: Epi­so­de VIII”: Soň­ky ýyl­lar­da bir­nä­çe bö­lü­mi pro­ka­ta çy­ka­ry­lan we ki­no se­na­ga­ty­nyň öz­ba­şy­na pu­da­gy diý­lip gör­ke­zil­ýän “Ýyl­dyz sö­weş­le­ri” ki­no­lar top­lu­my­nyň 2-nji üç­le­me­si­niň 2-nji fil­mi-de 2017-nji ýyl­da to­ma­şa­çy­la­ryň dyk­ga­ty­na ýe­ti­ri­ler. “Ýyl­dyz sö­weş­le­ri: 8-nji epi­zod” ady bi­len gör­ke­zil­jek fil­me Ri­an Jon­son re­žiss­ýor­lyk et­se, bu ek­ran ese­rin­de Mark Ha­mill, Kar­ri Fi­şer, Dai­zi Rid­leý, Jon Bo­ýe­ga, Os­kar Aý­za­ak, Lu­pi­ta Nýong’o, Dom­nall Gli­son, Be­ne­sio Del To­ro, En­di Ser­kis hem-de Lau­ra Dern su­ra­ta düş­ýär. Film de­kabr aýy­nyň 15-ine pro­kat­la­ra ýaý­ra­dy­lar.
“Ju­man­ji”: 1995-nji ýyl­da­ky “Ju­man­ji” fil­min­de mer­hum Ro­bin Wil­liams özü­ne yna­ny­lan keş­bi us­sat­lar­ça jan­lan­dy­ryp­dy we ki­no­nyň uly meş­hur­lyk ga­zan­ma­gy­na sal­dam­ly go­şant go­şup­dy. Şol fil­miň do­wa­my ha­sap­lan­ýan tä­ze “Ju­man­ji” fil­mi-de 22 ýyl­dan soň, to­ma­şa­çy­la­ryň dyk­ga­ty­na ýe­ti­ril­ýär. Bu ek­ran ese­rin­de esa­sy keşp­le­ri Dweýn Jon­son, Ke­win Hart, Jek Bläk, Ka­ren Jil­li­an hem-de Nik Jo­nas da­gy ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Ýy­lyň ahy­ryn­da gör­ke­zil­jek ki­no­ny Jeýk Kas­dan su­ra­ta dü­şür­ýär.
HY­ÝA­LY GAH­RY­MAN­LA­RYŇ
TÄ­ZE BAŞ­DAN GE­ÇIR­ME­LE­RI
“Lo­gan”: Soň­ky ýyl­lar­da Gol­li­wu­da ma­li­ýe taý­dan uly gol­daw bol­ýan “Marvel” we “DC Comics” şe­re­ket­le­ri­niň önüm­le­ri 2017-nji ýyl­da-da az däl. Ola­ryň il­kin­ji­si “Lo­gan” bo­lup, “Ro­sa­ma­ha” (Wol­we­ri­ne) fil­mi­niň do­wa­myn­da ýe­ne-de Hýu Jek­man, Pat­rik Stýu­wart, Boýd Holb­ruk, Daf­ne Kin da­gy su­ra­ta düş­di. Jeýms Man­gold ta­ra­pyn­dan ek­ran­laş­dyr­ylan ki­no 3-nji mart­dan baş­lap, tu­tuş dün­ýä­dä­ki ki­no­teatr­la­ra ýaý­ra­dy­lar.
“Gu­ar­dians of the Ga­laxy Vol. 2”: “Ga­lak­ti­ka­nyň go­raý­jy­la­ry” fil­mi­niň 2-nji­si-de bu ýyl pro­ka­ta çyk­jak “Marvel” önü­mi bo­lup, ol 5-nji ap­rel­de to­ma­şa­çy­la­ryň dyk­ga­ty­na ýe­ti­ri­ler. Jeýms Gan­nyň re­žiss­ýor­lyk ed­ýän ki­no­syn­da Kris Pratt, Zou Sal­da­na, Win Di­zel, Bred­li Ku­per, Eli­za­bet De­bi­ki, Kurt Ras­sel ýa­ly Gol­li­wu­dyň ta­nal­ýan ýyl­dyz­la­ry dür­li keşp­le­ri jan­lan­dyr­ýar.
“Spi­der-Man: Ho­mecoming”: 3-nji ge­zek tä­ze­çe su­ra­ta dü­şü­ril­ýän “Möý adam” film­in­de bu sa­par baş keş­bi ýaş akt­ýor Tom Hol­land ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Jon Watt­syň re­žiss­ýor­ly­gyn­da­ky film­de oňa Maýkl Ki­ton, Ma­ri­sa To­mei, Ro­bert Daw­ni Jr., Zen­da­ýa, Jon Faw­ro da­gy ýol­daş­lyk ed­ýär. “Möý ada­myň” tä­ze­çe baş­dan ge­çir­me­le­ri ba­ra­da söh­bet aç­ýan ki­no 7-nji iýul­da pro­ka­ta çy­kar.
“Thor: Rag­na­rok”: Baş­ga bir pla­ne­ta­dan ge­lip, ýer şa­ry­ny howp­dan ha­las ed­ýän eli çe­kiç­li hy­ýa­ly gah­ry­man To­ruň no­bat­da­ky baş­dan ge­çir­me­sin­de ýe­ne-de Kris Hems­wort, Tom Hidd­les­to­un, Id­ris El­ba, An­to­ni Hop­kins, şol san­da, Keýt Blan­şett, Mark Ruf­fa­lo, Be­ne­dikt Kum­ber­betç ýa­ly ar­tist­ler çy­kyş ed­ýär. Tai­ki Wai­ti­ti­niň re­žiss­ýor­ly­gyn­da­ky ki­no no­ýabr aýy­nyň baş­la­ry­na ki­no­teatr­la­ra goý­be­ri­ler.
“Won­der Wo­man”: Hy­ýa­ly gah­ry­man­lar film­le­rin­de “Marvel”-iň esa­sy bäs­de­şi “DC Comics”-iň önü­mi bo­lan “Won­der Wo­man” fil­mi­ne ga­raş­ýan­la­ryň sa­ny az bol­ma­sa ge­rek. Baş keş­bi­ni owa­dan akt­ri­sa Gal Ga­do­tyň jan­lan­dyr­ýan ki­no­sy­na Pet­ti Jen­kins re­žis- s­ýor­lyk ed­ýär. Iýun aýy­nyň il­kin­ji gün­le­rin­de ek­ran­lar­da peý­da bol­jak ki­no­da Kris Paýn, Kon­ni Nel­son, Ro­bin Raýt da­gy hem dür­li keşp­le­ri jan­lan­dyr­ýar.
“Jus­tice Lea­gue”: “Marvel”-iň hy­ýa­ly gah­ry­man­la­ry “The Aven­gers” fil­min­de bi­le­lik­de he­re­ket ed­ýän bol­sa, “DC Comics”-iň hy­ýa­ly ha­las edi­ji­le­ri-de “Jus­tice Lea­gue” ki­no­syn­da jem­len­ýär­ler. Ýy­lyň iri tas­la­ma­la­ry­nyň bi­ri diý­lip gör­ke­zil­ýän bu fil­mi us­sat re­žiss­ýor Zek Snaý­der su­ra­ta dü­şür­ýär. “Bat­man”, “Su­per­man”, “The Flash”, “Won­der Wo­man”, “Aqua­man” da­gy­nyň bi­le­lik­dä­ki il­kin­ji baş­dan ge­çir­me­sin­de Ben Aff­lek, Hen­ri Ka­wil, Emi Adams, Gal Ga­dot, Jeý­son Mo­moa, Ez­ra Mil­ler, Reý Fi­şer, Em­ber Hörd, Jou Man­ja­ni­el­lo, Wil­lem De­foe, Jes­si Aý­zen­berg, Je­re­mi Aý­rons, Da­ýa­na Leýn, J.K. Sim­mons ýa­ly Gol­li­wu­dyň ta­nal­ýan bir­nä­çe ar­tis­ti dür­li keşp­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Sa­byr­syz­lyk bi­len ga­ra­şyl­ýan bu ki­no 17-nji no­ýabr­dan soň, pro­kat­da­ky or­nu­ny alar.

Ýy­lyň ga­raş­ýyl­ýan ki­no­la­ry –1:
“Un­der­world: Blood Wars”
“XXX: Re­turn of Xan­der Cage”
“Re­si­dent Evil: The Fi­nal Chap­ter”
“The Fa­te of the Fu­rious”
“John Wick: Chapter 2”
“The Mummy”
“Alien: Covenant”
“Pi­ra­tes of the Car­ri­be­an: De­ad Man No Tell Ta­les”
“Trans­for­mers: The Last Knight”
“War of the Pla­net of the Apes”
“Bla­de Run­ner 2049”
“Kings­man: The Gol­den Circle”
“Ju­man­ji”
“Star Wars: Epi­so­de VIII”
“Gu­ar­dians of the Ga­laxy Vol. 2”
“Spi­der-Man: Ho­mecoming”
“Lo­gan”
“Won­der Wo­man”
“Thor: Rag­na­rok”
“Jus­tice Lea­gue”