“For­bes” žur­na­ly­nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, “Marvel”-iň hy­ýa­ly gah­ry­ma­ny Ga­ra du­ly jan­lan­dyr­ýan owa­dan akt­ri­sa Skar­lett Ýo­hans­son 2016-njy ýy­lyň iň köp gir­de­ji ga­zan­dy­ran ar­tis­ti bol­dy. 32 ýaş­ly akt­ri­sa­nyň su­ra­ta dü­şen film­le­ri pro­kat­dan 1,2 mil­liard dol­lar­lyk gir­de­ji ga­zan­dy. Ýo­hans­son ge­çen ýyl “Ka­pi­tan Ame­ri­ka: gap­ma-gar­şy­lyk” hem-de “Se­za­ra şöh­rat” film­le­rin­de su­ra­ta dü­şüp­di. Akt­ri­sa bi­len “Ka­pi­tan Ame­ri­ka: gap­ma-gar­şy­lyk” fil­min­de bi­le su­ra­ta dü­şen Kris Ewans bi­len Ro­bert Daw­ni Jr. 2–3-nji ýer­le­ri paý­laş­dy­lar (1,15 mil­lard $). Mun­dan soň­ky orun­la­ry eýe­le­ýän Mar­go Rob­bi, Emi Adams hem-de Ben Aff­le­giň su­ra­ta dü­şen ki­no­la­ry-da je­mi 1 mil­liard dol­lar­dan köp gir­de­ji ga­zan­dy.

Gol­li­wu­dyň uruş­ly ki­no­la­ry­nyň akt­ýor­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän “Ýum­ru­jy­lar” fil­mi­niň dör­dün­ji­si hem su­ra­ta dü­şü­ri­ler. Jem­leý­ji bö­lüm­de su­ra­ta düş­mä­ge Sil­wes­ter Stal­lo­ne, Ar­nold Şwar­ze­neg­ger hem-de Jeý­son Stet­ham da­gy eý­ýäm­den is­leg bil­dir­ýär. 2018-nji ýyl­da ek­ran­la­ra çy­ka­ryl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän film­de beý­le­ki ar­tist­le­riň – An­to­nio Ban­de­ras, Çak Nor­ris, Jet Li, Brýuw Wil­lis, Har­ri­son Ford da­gy­nyň çy­kyş edip-et­me­jek­di­gi hä­zir­lik­çe bel­li däl. Il­kin­ji­si 2010-njy ýyl­da ek­ran­la­ra çy­kan “Ýum­ru­jy­lar” film­le­ri pro­kat­dan 800 mil­li­on dol­la­ra go­laý gir­de­ji top­la­dy.

Os­kar­ly akt­ri­sa Ju­lia Ro­berts özü­niň zäh­met ýo­lun­da­ky il­kin­ji te­le­se­ria­lyn­da su­ra­ta dü­şer. “To­day Will Be Dif­fe­rent” at­ly bu te­le­se­ri­al HBO te­le­ýaý­ly­my ar­ka­ly to­ma­şa­çy­la­ra ýe­ti­ri­ler. Ma­ri­ýa Semp­liň ady­bir ese­ri esa­syn­da­ taýýarlanjak se­ri­al­da us­sat akt­ri­sa Ele­nor Flu­duň keş­bi­ni jan­lan­dy­rar. Gys­ga göw­rüm­li te­le­se­ri­al şu ýy­lyň do­wa­myn­da to­ma­şa­çy­la­ryň dyk­ga­ty­na ýe­ti­ri­ler.

Oskaryň buşlukçysy ha­sap­lanýan “Altyn globus” baý­raklarynyň 74-nji gow­şu­rylyş dabarasy 8-nji ýan­war­da Kaliforniýadaky “Bewerli Hills” myhmanhanasynda ge­çi­­riler. Belli komediýaçy Jim Fallonyň alyp barjak çä­resinde ýylyň iň gowy dra­ma we komediýa film­dir seriallary saýlanar. Gol­­liwuddaky daşary ýurt­­ly žurnalistler bi­le­le­şigi tarapyndan be­ril­ýän bu sylaglar kino dün­ýä­sin­däki öňdebaryjy baý­rak­laryň hatarynda diý­lip görkezilýär.