Gyş hakynda oýlananymyzda ilki bilen garly, sowuk howa göz öňümize gelýär. Islendik pasylda bolşy ýaly gyşyna-da howa şertlerine görä geýinmek hökmanydyr. Gyş aýlarynyň howa şertlerinde aýakgaplara yzygiderli ideg etmeli bolýar. Gar we ýagyş sebäpli aýakgaplar çygly, tozanly we palçykly bolýar. Aýakgabymyzyň abatlygyny uzak dowam etdirmek üçin näme etmeli? Ilki bilen hiline üns bermeli. Ýokary hilli materiallardan tikilen aýakgaplar beýlekilerden has çydamly bolýar. Aýagyňyzyň gurluşyna laýyk gelýän aýakgaby saýlap almaly. Käbir adamyň daraklygy uly bolýar. Şeýle ýagdaýda insiz aýakgap alsaňyz, saglygyňyza-da zeper ýetmegi mümkin, aýakgabyňyz hem çalt tozar, özüňiz üçin hem amatsyz bolar. Şol sebäpli aýagyňyzyň şekiline görä, aýakgap saýlasaňyz gowy bolar. Gyş aýakgaplary, esasan, deriden tikilýär. Olary özüňiz reňklemegi makul bilýän bolsaňyz, ulanýan boýagyňyzyň hiline göz ýetirmeli. Tozanly ýa-da palçykly aýakgaplary arassalanyňyzda çygly mata ulanmak ýeterlikdir. Gaty çotgalar onuň çyzylmagyna sebäp bolýar. Her gezek geýlenden soň arassalamak hapalaryň deriniň içine girmeginiň öňüni alýar. Matany suwa batyryp, aýakgabyňyzy ýuwaşlyk bilen arassalap bilersiňiz. Gönden edilen aýakgaplara mümkin boldugyça suw degirmejek bolmaly. Sebäbi onuň daşy boýalmadyk bolýar. Şol sebäpli olary arassalamak üçin ýörite gön çotgasy ulanylmaly. Şeýle aýakgaplar gury wagty çotgalansa talabalaýyk bolar. Aýakgaplary guratmak üçin goýberilýän iň uly ýalňyşlyk gyzdyryjylaryň we peçleriň ýanynda goýmakdyr. Aşa gyzgynlyk derini guradýar, ýöne jaýryklara we reňkiniň solmagyna sebäp bolýar. Mümkin bolsa çyg aýakgaplary otag temperaturasynda guratmaly.
Deriden edilen aýakgaplara ideg etmek üçin pürkülýän goraýjy serişdelerden hem peýdalanyp bilersiňiz. Bu serişde hapalanmagyň we suwuň geçmeginiň öňüni alýar. Spreýi ýaramaz howa şertlerinde ulanmak maslahat berilýär. Şeýle hem aşa sowukda boýagdan hem peýdalanyp bilersiňiz. Reňklemezden ozal aýakgaby esgi bilen arassalaň! Sürtgüç bilen tegelek hereketler edip, boýagy ýüzüne ýaýradyň we guradyň! Boýag gönden edilen aýakgaplar üçin amatly däldir.
Gyş aýakgaplaryny nädip saýlamaly?
Gyş möwsümi üçin aýakgap saýlanyňyzda ilki bilen saglyk we howpsuzlyk tarapyny göz öňünde tutmaly. Ygalyň öňüni alýan, sowuk howada-da aýaklaryň ýyly bolmagyny üpjün edýän, suw geçirmeýän aýakgap saýlamaly. Olaryň rahatlygyna hem seretmeli.
– Uzak ýoldan gelenden soň aýakgap geýip görmeli däl. Sebäbi köp ýörelende aýakda wagtlaýyn çiş emele gelip bilýär. Şol sebäpli dogry ölçegi tapmak üçin aýakgaby adaty günde saýlamaly.
– Aýakgap alanyňyzda iki taýyny hem geýip görmeli.
– Gyş aýakgabyny saýlanyňyzda sowukda geýjek galyň jorabyňyzy hem göz öňüne tutmaly.
– Aýakgabyň berkligini barlamak üçin ýöräp görmeli.
Gyş aýakgaplary saýlananda nämä üns berilmeli?
Gyş aýakgaplaryny saýlamakda ünsli bolunmasa, närahatlygyň ýüze çykmagy gaty ähtimaldyr. Sebäbi aýakgabyň agyr görnüşi wagtyň geçmegi bilen aýakda agyry döredýär. Islendik zady saýlanyňyzda hem ilki bilen onuň hiline üns bermeli, geýilýän egin-eşikler, aýakgaplar rahat bolmaly.