Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ata­lyk ala­da­sy ne­ti­je­sin­de me­de­ni­ýet, sun­gat, dö­re­di­ji­lik we teatr iş­gär­le­ri­miz uly ala­da bi­len gur­şa­lyp alyn­ýar. Sun­gat us­sat­la­ry için­de äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan köşk ýa­ly tä­ze teatr­lar­da dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­ýär­ler. Olar öz muş­dak­la­ry­na di­ňe bir mil­li eser­le­ri­miz bo­ýun­ça sah­na­laş­dy­ry­lan sah­na oýun­la­ry­ny hö­dür­le­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, da­şa­ry ýurt­la­ryň ede­bi eser­le­ri bo­ýun­ça sah­na­laş­dy­ry­lan spek­takl­lar bi­le­nem be­gen­di­rip dur­ýar­lar. Şol sah­na oýun­la­ryn­da ýaş ar­tist­le­ri­miz bi­len bir ha­tar­da ha­ly­pa ar­tist­le­ri­miz hem ýaş­la­ra gö­rel­de bo­lup, dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çe­kip, keşp jan­lan­dy­ryp gel­ýär­ler.
Ýa­kyn­da şeý­le ha­ly­pa ar­tist­le­riň bi­ri, ýur­du­my­zyň Alp Ars­lan adyn­da­ky mil­li dra­ma te­at­ryn­da zäh­met çe­k­ýän Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Gul­my­rat Aga­ba­ýew bi­len du­şu­şyp, onuň dur­muş we dö­re­di­ji­lik ýo­ly ba­ra­da­ky söh­bet­deş­li­gi oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik.
1933-nji ýy­lyň 2-nji okt­ýab­ryn­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­by­nyň Ke­le­jar oba­syn­da iş­çi daý­han maş­ga­la­syn­da dün­ýä inen Gul­my­rat ýaş­ly­gyn­dan sun­ga­ta ma­ýyl bo­lup­dyr. Ol şol wagt­lar paý­tagt­dan oba klu­bu­na ge­lip, oýun gör­kez­ýän ar­tist­le­riň çy­kyş­la­ry­na, şeý­le-de türk­men ki­no­la­ry­na to­ma­şa edip, ar­tist bo­l­ma­gy ar­zuw edip­dir. Şol ar­zu­wy hem or­ta mek­de­bi ta­mam­lan Gul­my­ra­dy Aş­ga­ba­dyň öň­ki Ga­ra Se­ýit­li­ýew adyn­da­ky Me­de­ni aň-bi­lim teh­ni­ku­my­na alyp gel­ýär. Ol teh­ni­ku­myň ar­tist­le­ri taý­ýar­la­ýan bö­lü­mi­ne res­mi­na­ma­la­ry­ny tab­şy­ryp, döw­let sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çip, ta­lyp bol­ýar. Şeý­le­lik­de, Gul­my­rat bu okuw mek­de­bin­de sun­gat ýo­lu­na il­kin­ji ädi­mi­ni äd­ýär.
Teh­ni­ku­myň soň­ky ýy­lyn­da okap ýör­kä, Aş­ga­ba­da Mosk­wa­nyň Lu­na­çars­kiý adyn­da­ky Teatr sun­ga­ty ins­ti­tu­tyn­dan we­kil­le­riň türk­men og­lan-gyz­la­ryn­dan ar­tist bol­ma­ga is­leg bil­dir­ýän­le­rini oku­wa ka­bul et­mä­ge ge­len­dik­le­ri ba­ra­da­ky hoş ha­bar Gul­my­ra­dy­ňam gu­la­gy­na il­ýär. Ol der­rew we­kil­le­riň düş­län ýe­ri bo­lan Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­ne ba­ryp, ýag­daý bi­len ta­nyş bo­lup, ge­rek bo­lan res­mi­na­ma­la­ry tab­şyr­ýar. Mosk­wa­dan ge­len we­kil­ler res­mi­na­ma­la­ry tab­şy­ran­lar bi­len söh­bet­deş­lik ge­çi­rip, ola­ryň için­den 13 sa­nysyny saý­lap, Mosk­wa alyp gid­ýär­ler. Olar Mosk­wa ba­ran­la­ryn­dan soň­ra sy­nag­dan ge­çi­ri­lip, ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­ýär.
Gul­my­rat bi­len bile meş­hur ar­tist bo­lup ýe­ti­şen Nur­mu­ham­met Keş­şi­kow, Hom­mat Mül­lük, Aman Baý­ram­ber­di­ýew, Tyl­la Ýa­ku­bo­wa, Ene Baý­ram­ber­di­ýe­wa da­gy­lar hem oka­ýar­lar. Mosk­wa­da türk­men to­pa­ry­na akt­ýor us­sat­ly­gy sa­pa­gyn­dan ha­ly­pa hem tej­ri­be­li pe­da­gog Ol­ga Pi­žo­wa tä­lim be­rýär. Gul­my­rat tiz wag­tyň için­de akt­ýor us­sat­ly­gy­nyň in­çe til­sim­le­ri­ni öz­leş­di­rip baş­la­ýar. Okuw döw­rün­de «13-ler» ady bi­len ady­gan türk­men to­pa­ry «Ka­li­na to­kaý­ly­gy», «Aja­ýyp te­bip», «Ga­ra gar­ga», «Ba­gyr­da­ky daş» ýa­ly meş­hur sah­na oýun­la­ry­ny sah­na­laş­dyr­ýar. Gul­my­ra­da bol­sa bu sah­na oýun­la­ryn­da özü­ne yna­ny­lan keşp­le­ri ynan­dy­ry­jy edip to­ma­şa­çy­la­ra ýe­tir­mek ba­şard­ýar we ol mu­gal­lym­la­ry­nyň be­re­kel­la­sy­na my­na­syp bol­ýar.
Şeý­le­lik­de, 1963-nji ýyl­da ins­ti­tu­ty oňat ba­ha­lar bi­len ta­mam­lap ge­len artistleri şol wagt­ky Mol­la­ne­pes adyn­da­ky Türk­men döw­let dra­ma te­at­ry­na işe ka­bul ed­ýär­ler. Ol bu teatr­da 1964-nji ýy­la çen­li iş­lä­nin­den soň şol wagt­ky Aman Gul­mäm­me­dow adyn­da­ky Ýaş to­ma­şa­çy­lar te­at­ryn­da iş­le­mä­ge hö­wes bil­di­rip, şol ýe­re işe ýer­leş­ýär. Ýur­du­myz Ga­raş­syz­ly­gy­ny ga­za­na­nyn­dan soň bu te­at­ryň iş­gär­le­ri­ne tä­ze, için­de äh­li amat­lyk­lar döredilen döw­re­bap teatr gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýär. Şeý­dip Gul­my­rat Aga­ba­ýew hä­zir­ki wag­ta çen­li te­at­ryň ody bi­len gi­rip, kü­li bi­len çy­kýar. Ol bu te­at­ryň sah­na­syn­da go­ýul­ýan sah­na oýun­la­ry­nyň äh­li­sin­de di­ýen ýa­ly keşp jan­lan­dy­ryp özü­ne yna­ny­lan keşp­le­re ja­ny-te­ni bi­len ýa­py­şyp, ýaş ar­tist­le­re gö­rel­de bo­lup gel­ýär. Şol spek­takl­lar­dan «Tä­sin te­bip», «Aý tu­tu­lan gi­je­si», «Peý­kam», «Mu­kad­des söý­gi», «Wah, ga­ra göz­ler», «Meň­li», «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy», «Yşk mül­kü­niň şa­sy», «Wa­tan hak­da üç aý­dym», «Söý­gi du­ral­ga­sy», «Ka­byl-Ha­byl», «Çan­du­nyň baş­dan ge­çi­ren­le­ri», «Gö­rog­ly we Aga­ýu­nus» we baş­ga-da bir­nä­çe spek­takl­lar halk köp­çü­li­gi ta­ra­pyn­dan oňat gar­şy al­nyp­dy.
Gul­my­rat Aga­ba­ýew sah­na sun­ga­ty­nyň gap­da­lyn­dan türk­men ki­no sun­ga­ty­na-da sal­dam­ly go­şan­dy­ny go­şup, özü­ni ki­no muş­dak­la­ry­my­zyň söý­gü­li akt­ýo­ry hök­mün­de ta­nat­ma­gy ba­şar­dy. Ol «Türk­men­film» ki­nos­tu­di­ýa­syn­da hä­zir­ki wag­ta çen­li ulu­ly-ki­çi­li film­le­riň en­çe­me­sin­de özü­ne yna­ny­lan keşp­le­ri us­sat­lar­ça jan­lan­dy­ryp gel­ýär. Onuň «Aý aý­dyň gi­je», «Bä­şin­ji ha­zy­na», «Dü­ýe­guş», «Päl­wan», «Ömür ker­we­ni», «Türk­men ha­ly­sy» at­ly film­ler­dä­ki dö­re­den keşp­le­ri jü­pü­ne dü­şen keşp­ler­dir.
Hä­zir­ki wagt­da köp­le­riň ha­ly­pa­sy Gul­my­rat aga hor­mat­ly dynç alyş­da­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de kes­bi-kä­ri­ne gu­wa­nyp, dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti­ni do­wam et­di­rip gel­ýär. Ony teatr­da ulu­dan-ki­çä hem­me­ler hor­mat­la­ýar­lar. Ol me­de­ni­ýe­ti­mi­zi we sun­ga­ty­my­zy ös­dür­mä­ge öz go­şan­dy­ny go­şup, ýaş ar­tist­le­re gö­rel­de bo­lup, ola­ra ha­ly­pa­lyk edip, te­at­ryň sah­na­syn­da go­ýul­ýan spek­takl­lar­da keşp jan­lan­dyr­ýan ýaş ar­tist­le­re sun­ga­tyň in­çe syr­la­ry­ny öw­re­dip, sah­na­da özü­ňi alyp bar­ma­gyň, aýt­jak bol­ýan sö­zü­ňi to­ma­şa­ça ýe­tir­me­giň ugur­la­ry­ny ha­ly­pa hök­mün­de mas­la­hat be­rip dur­ýar. Gul­my­rat aga ýaş ar­tist­le­re gö­rel­de bol­mak bi­len döw­let de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän çä­re­ler­den hem daş­da dur­ma­ýar.


Köp­le­riň ha­ly­pa­sy, sah­na us­sa­dy Gul­my­rat Aga­ba­ýe­wiň türk­men me­de­ni­ýe­ti­ni we sun­ga­ty­ny ös­dür­mä­ge go­şan go­şan­dy na­za­ra al­nyp, 1989-njy ýyl­da «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti», 2009-njy ýyl­da bol­sa «Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti» di­ýen hor­mat­ly at­lar da­kyl­ýar. Ol «Wa­ta­na bo­lan söý­gü­si üçin» di­ýen me­da­lyň hem eýe­si­dir.
Ha­ly­pa akt­ýor Gul­my­rat Aga­ba­ýew ba­ra­da onuň şä­girt­le­ri öw­gü­li söz­le­ri aýd­ýar­lar. Onuň şä­girt­le­ri­niň bi­ri, in­di özi ha­ly­pa­ly­ga ýe­ti­şen Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti, akt­ýor hem re­žiss­ýor Şir­li Mol­la­ýew şeý­le gür­rüň ber­ýär:
— Gul­my­rat aga bi­len ma­ňa te­at­ryň sah­na­syn­da en­çe­me spek­takl­lar­da çy­kyş et­mek mi­ýes­ser et­di. Ol di­ňe bir sah­na­da däl, eý­sem, ki­no sun­ga­tyn­da hem keşp jan­lan­dyr­ma­gyň us­sa­dy. Gul­my­rat aga te­at­ry­myz­da uly hor­mat-sy­la­ga my­na­syp adam. Onuň wä­şi­lik­den, şor­ta söz­le­ri aýt­mak­dan hem go­wy ba­şy çyk­ýar. Şo­nuň üçi­nem onuň ba­ran ýe­ri ala-ýaz. Ol he­mi­şe teatr sun­ga­ty­nyň il­kin­ji ker­pi­ji­ni go­ýan­la­ryň bi­ri Sta­nis­laws­ki­niň dö­re­di­ji­li­gi bi­len gy­zyk­la­nyp gel­ýär, şo­nuň mek­de­bi bo­ýun­ça iş­le­me­gi oňat gör­ýär. Ma­ňa ýur­du­my­zyň Oguz han adyn­da­ky «Türk­men­film» bir­le­şi­gin­de fil­miň ede­bi esa­sy­ny düz­ýän bö­lü­mi­niň mü­di­ri, şeý­le-de go­ýu­jy ki­no­re­žiss­ýor we­zi­pe­le­rin­de iş­le­mek bag­ty mi­ýes­ser et­di. Şon­da men Gul­my­rat aga öz su­ra­ta dü­şür­ýän film­le­rim­de keşp jan­lan­dyr­ma­gy ynan­ýar­dym. Bir ge­zek şeý­le bir wa­ka bo­lup geç­di. «Päl­wan» at­ly fil­mi su­ra­ta dü­şü­rip ýör­käk Gök­de­re jül­ge­si­niň dag­la­ry­nyň 100-150 metr be­ýik­li­gin­de sah­na gur­ma­ly bol­dy. Gul­my­rat aga­da şol ýer­de çy­kyş et­me­li­di. Şol ýe­re bol­sa ulag­ly çy­kyp bol­ma­ýar­dy, di­ňe py­ýa­da bar­ma­ly­dy. Men nä­dip ony şol ýe­re çy­ka­ryp bo­lar­ka di­ýip pi­ki­re ba­typ­dy­ryn. Bir se­ret­sem ol men­den birnä­çe metr öň­de ýo­ka­ryk çy­kyp bar­ýar. Ma­ňa sah­na­da «Gö­rog­ly» spek­tak­lyn­da-da onuň bi­len ýüz­be-ýüz bo­lup, çy­kyş et­mek mi­ýes­ser et­di. Gul­my­rat aga bi­len sah­na­da çy­kyş et­me­gem diý­seň ýe­ňil. Men onuň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak bo­lup, ýaş­la­ry­my­za ha­ly­pa­lyk edip, en­tek-en­tek­ler ara­myz­da iş­le­me­gi­ni we dö­ret­me­gi­ni ar­zuw ed­ýä­rin.
Ha­wa, Gul­my­rat Aga­ba­ýew ha­kyn­da aý­dyl­ýan öw­gü­li söz­le­re ol aň­ry­ýa­ny bi­len my­na­syp adam.

 

Döw­let­my­rat Ho­ja­ber­di­ýew,
Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň teatr sun­ga­ty fa­kul­te­ti­niň 1-nji ýyl ta­ly­by.