Germaniýanyň Erkin Demokratik partiýasynyň gurultaýynda Sosial-demokratlar we “Soýuz 90/ Ýaşyllar” bilen birlikde täze dolandyryş koalisiýasynyň döredilmegi tassyklandy. Gurultaýa gatnaşan delegatlaryň 92%-i şertnama gol çekmek üçin ses berdi, takmynan, 6%-i garşy çykdy.
Şenbe güni, syýasy bileleşigiň taslamasy Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasynyň (SPD) gurultaýyna gatnaşyjylaryň, takmynan, 100% -i tarapyndan goldanylyp, şertnama laýyklykda, Olaf Şols Germaniýanyň täze kansleri bolar.
Koalisiýa şertnamasy Sosial-demokratik partiýasy we Erkin demokratik partiýasyndan soň “Soýuz 90/ Ýaşyllar” tarapyndan garalmaly. Gurultaý duşenbe gününe bellenip, sişenbe güni meýilnama laýyklykda, şertnamanyň gutarnykly gol çekilmegine garaşylýar.
8-nji dekabrda Şolsuň kansler wezipesine bellenilmegi barada ses berişlik meýilleşdirilýär. Olaf Şols bu wezipede 16 ýyldan gowrak wagt bäri hökümete ýolbaşçylyk edýän Angela Merkeliň ornuny tutmaly.
Bu koalisiýa üç partiýanyň nyşanlarynyň reňklerine görä, “ýolyşyk” diýlip atlandyryldy.