Angliýada geçirilen barlagda 2021-nji ýylda köp ulanylan we aýtmagy kyn sözleriň sanawy anyklandy. Barha globallaşýan dünýäde täze sözler has köp peýda bolýar. Bu sözleriň käbiri başga dilden geçensoň aýtmak aňsat bolmaýar. Angliýanyň “Verbatim” habarçylary instituty alypbaryjylaryň, sport teswirçileriniň we beýleki adamlaryň köp ulanýan we aýtmagy aňsat bolmadyk sözlerini anyklady. Munuň üçin dil öwrenmek hyzmatyny hödürleýän “Babbel” applikasiýasynyň hünärmenlerinden kömek soraldy. Olaryň köpüsi täze peýda bolan sözlerdir.
1. Dalgona, [tal-goh-NAH]. “Netflix”-de iň köp tomaşa edilen “Squid Game”-iň sentýabr aýynda ýaýlyma berilmegi bilen meşhurlyga artan bu söz koreý süýjüliginiň adydyr. Söýjülik eredilen şekerden we gabardyjy külkeden taýýarlanýar. Käbir adamlar bu sözdäki “G” harpyny “K” diýip aýdýarlar.
2. Dodgecoin”, [DOHJ-koin]. Adyny Ilon Mask agzandan soňra meşhurlyk gazanan kriptopula maýa goýum goýýan az däl.
3. Gina Koladangelo”, [JEE-nah co-lah-DAN-gelo]. Angliýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň işgäri Gina Koladangelonyň adyny aýtmak aňsat däl.
4. Giorgio Chiellini, [JYOR-jyo kyi-LEE-nee]. Şu ýylyň 11-nji iýulynda Ýewropa futbol çempionatynyň finalynda Italiýa Angliýany penaltilerde ýeňipdi. Şondan soňra köp adam Italiýanyň toparyň kapitany bolan Jiorjo Kiellininiň ady has köp agzaldy.
5. Maneskin, [MOH-ne-skin]. Maý aýynda geçirilen Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginde Italiýadan gatnaşan Måneskin ýeňiji bolupdy. Dan dilinde Aýyň ýagtysy manysyny berýän bu sözi köp adam ýalňyş aýtdy.
6. Nusr-et, [nus-RET]. “Salt-Bea” (nahara duz atmak) hereketi bilen meşhurlyk gazanan türk aşpeziniň häzirki wagtda dünýäniň iri şäherleriniň birnäçesinde restorany bar. Nusret Gökçe Londonda restoran açandan soňra has meşhur boldy.
7. Shein, [SHEE-in]. Hytaýly moda şereketi tarapyndan orta atylan söz esasan Aziýa ýurtlarynda has köp ulanylýar.