Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow:
– Aziýa sebitinde iň gözel, rahat we abadan şäherleriň birine öwrülen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gözelligini, gaýtalanmajak keşbini, tutuş dünýä açyklygyny, ähli ugurlarda işjeň hem-de netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygyny, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan özboluşly medeniýetimizi, milli gymmatlyklarymyzy, ajaýyp myhmansöýerligimizi aýdyň görkezer.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň be­lent baş­lan­gyç­la­ry bi­len ba­dal­ga alan Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­ly­nyň esa­sy wa­ka­la­ry­nyň bi­ri gün­sa­ýyn gö­zel­leş­ýän paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­jek Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry bo­lar. Aý­lar, gün­ler hem-de sa­gat­lar bi­zi hal­ka­ra sport baý­ram­çy­ly­gy­na bar­ha ýa­kyn­laş­dyr­ýar. Ýur­du­my­zyň tu­tuş kün­jek­le­rin­de bu şan­ly wa­ka­nyň öň­ýa­nyn­da­ky da­ba­ra­lar şat­lyk-şow­hu­na hem-de ru­hu­be­lent­li­ge bes­len­ýär.
Ýa­ňy-ýa­kyn­da tu­tuş ýur­du­myz­da Azia­da-2017-ä 250 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar giň ge­rim al­dy. Azia­da­nyň hor­ma­ty­na ge­çi­ril­ýän at­ly ýö­ri­şiň da­ba­ra­sy dag aş­ýar.

DÖWLET BAŞTUTANYMYZ
SAG­DYN DUR­MUŞ ÝÖ­REL­GE­SI­NIŇ
IŞ­JEŇ TA­RAP­DA­RY
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz tu­tuş dün­ýä­de sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dy hök­mün­de ta­nal­ýar. In­di en­çe­me ýyl­lar­dan bä­ri sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň iş­jeň ta­rap­da­ry we ony wa­gyz edi­ji döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mer­da­na türk­men hal­ky­my­za, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, ýaş­la­ra şah­sy gö­rel­de gör­kez­ýär hem-de adam­la­ryň sag­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da­ny döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ru­na öwür­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öz egin­deş­le­ri bi­len Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­ly­nyň il­kin­ji gün­le­rin­de Olim­pi­ýa şä­her­ji­gin­de tür­gen­le­şik geç­me­gi hem-de Aw­tos­port mer­ke­zin­de sport aw­tou­la­gy­ny ýo­ka­ry tiz­lik­de sür­me­giň us­sat­ly­gy­ny gör­kez­me­gi bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­my­zyň, aý­ra­ty­nam, sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga uly ýyk­gyn ed­ýän ýaş­la­ry­my­zyň ara­syn­da çuň­ňur ka­na­gat­la­nma dö­ret­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz tür­gen­le­şik en­jam­la­ryn­da maşk­lar top­lu­my­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ni ba­şar­jaň­lyk bi­len gör­kez­di, şeý­le maşk­lar be­den bo­gun­la­ry­ny, aýak da­mar­la­ry­ny we beý­le­ki­le­ri ber­kid­ýär. Gim­nas­ti­ka şa­ry ýa­ly sport en­ja­my hem oňur­ga­nyň ber­ke­me­gi üçin örän ne­ti­je­li­dir. Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bou­ling oý­nun­da hem ýo­ka­ry us­sat­lyk gör­kez­di. Şeý­le hem bu ýer­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň orun­ba­sar­la­ry hem-de har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry to­par­la­ra bö­lü­nip, wo­leý­bol oý­na­dy­lar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz il­kin­ji pök­gi­ni oý­na gi­ri­zip, ýa­ryş­la­ra ba­dal­ga ber­di. Bu ýer­de küşt we ten­nis bo­ýun­ça ýa­ryş­lar hem gu­ral­dy.
Azia­da-2017-ä 250 gün gal­ma­gy my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de dür­li sport bäs­le­şik­le­ri hem-de ýa­ryş­la­ry gu­ral­dy. Paý­tag­ty­myz­da ýer­leş­ýän äh­li mi­nistr­lik­le­riň we eda­ra-kär­ha­na­la­ryň, şol san­da Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň we Mej­li­si­niň iş­gär­le­ri, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry, şä­her­le­ri­miz­dä­ki, we­la­ýat mer­kez­le­ri­miz­dä­ki, eda­ra­la­ryň, kär­ha­na­la­ryň iş­gär­le­ri önüm­çi­lik maşk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler.
Tu­tuş ýur­du­myz­da yk­ly­myň iri ýa­ryş­la­rynyň baş­lan­ma­gy­na sa­byr­syz­lyk bi­len ga­ra­şyl­ýar, se­bä­bi V Azi­ýa oýun­la­ry bu ugur­da gör­lüp-eşi­dil­me­dik bäs­le­şik­ler bo­lar. Bi­rin­ji­den, bu oýun­lar yk­ly­myň çäk­le­rin­den çy­kar. Azi­ýa­nyň 45 to­pa­ryn­dan baş­ga-da, oňa Okea­ni­ýa ýurt­la­ry­nyň 17-si­niň ýy­gyn­dy to­par­la­ry gat­na­şar. Mun­dan baş­ga-da, Oýun­la­ryň mak­sat­na­ma­sy­na spor­tuň 21 gör­nü­şi­niň gi­ri­zil­me­gi hem öz­bo­luş­ly re­kord san­dyr.

AT­LY ÝÖ­RIŞ – AZI­ÝA
OÝUN­LA­RY­NYŇ BUŞ­LUK­ÇY­SY
V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň hor­ma­ty­na we bu iri sport ýa­ry­şy­nyň buş­luk­çy­sy bo­lan at­ly ýö­riş Mi­ra­sa sar­pa goý­mak, Wa­ta­ny öz­gert­mek ýy­ly­nyň 5-nji ma­ýyn­da ga­dy­my Nu­saý ga­la­syn­dan ba­dal­ga al­dy. 17 ça­pyk­su­war­dan yba­rat bo­lan at­ly ýö­riş ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­dan ge­çer hem-de Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň açyl­ýan gü­ni Aş­ga­ba­dyň Olim­pi­ýa şä­her­ji­gine jem­leý­ji pel­le­ha­na­sy­na ge­ler.
At­ly ýö­riş öz ýo­lu­nyň ýa­ry­ny ge­çip, Ahal, Bal­kan we Da­şo­guz se­bit­le­ri­niň oba­dyr şä­her­le­ri­ni aý­la­nyp, 10-njy ýan­war­da Le­bap we­la­ýa­ty­na gel­di. At­ly­lar 250 gü­nüň do­wa­myn­da we­la­ýat­la­ryň ser­het­le­rin­de es­ta­fe­ta­ny ge­çi­rip, ýol ug­run­da 30-dan gow­rak des­ga ba­ryp gör­dü­ler.
Şu dö­wür­de ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne at­la­nan ýi­git­ler Gök­de­pe et­ra­by­nyň Ba­ba­rap oba­sy­na, ga­dy­my Pa­ryz­de­pe ýa­dy­gär­li­gi­ne, Mer­ke­zi Ga­ra­gum­da­ky Der­we­ze oba­sy­na, Iço­guz de­mir ýol be­ke­di­ne we Ahal we­la­ýa­ty­nyň baş­ga-da bir­nä­çe aja­ýyp ýer­le­ri­ne ba­ryp gör­dü­ler.
At­ly­lar iýun aýy­nyň ahyr­la­ryn­da Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň çä­gi­ne gel­di. At­ly­la­ryň ýo­ly ga­dy­my Uz­bo­ýuň ýa­ka­sy, Mol­la­ga­ra kö­lü­niň, Ha­zar deň­zi­niň ke­nar­la­ry, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy bo­ýun­ça do­wam et­di. At­ly­lar bir­nä­çe şä­her­le­re we oba­la­ra bar­dy­lar.
Okt­ýabr aýyn­da at­ly ýö­ri­şi Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň at­ly­la­ry ka­bul et­di. We­la­ýat bo­ýun­ça ýö­ri­şiň ug­ru­na la­ýyk­lyk­da, 17 ça­pyk­su­war­dan yba­rat to­par Gap­laň­gyr döw­let go­rag­ha­na­sy­na, Aşyk Aý­dyň pi­riň aram­gä­hi­ne, “Kö­ne­ür­genç” ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na­sy­na, ga­dy­my Ak­ja­ga­la, et­rap­la­ryň mer­kez­le­ri­ne, şeý­le hem tä­ze Bag­ty­ýar za­man oba­sy­na bar­dy­lar.
Şeý­le­lik­de, at­ly ýö­riş yk­ly­myň iri sport ýa­ry­şy­na 250 gün ga­lan­da Le­bap we­la­ýa­ty­nyň çä­gi­ne gel­di. Bu ýer­de at­ly ýö­ri­şi ka­bul et­mek da­ba­ra­sy bol­dy. Ga­zo­jak şä­he­rin­den 25 ki­lo­metr­lik­dä­ki giň meý­dan­ça­da ar­zy­ly myh­man­lar üçin baý­ram­çy­lyk be­ze­gi­ne bes­le­nen me­de­ni-sport des­ga­la­ry we türk­men ak öý­le­ri­niň ha­ta­ry gu­rul­dy. Est­ra­da ar­tist­le­ri­niň, bel­li dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň hem-de bag­şy­la­ryň dür­li gör­nüş­li gy­zyk­ly çy­kyş­la­ry gu­ral­dy. Joş­gun­ly halk tans­la­ry, folk­lor çy­kyş­la­ry, mu­zeý gym­mat­lyk­la­ry­nyň göç­me ser­gi­si­niň gu­ral­ma­gy, halk se­ne­di­niň hem-de ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň us­sat­la­ry­nyň iş­le­ri da­ba­ra aý­ra­tyn öwüş­gin çaý­dy.
Şeý­le­lik­de, 100 gü­nüň do­wa­myn­da at­ly­lar Amy­der­ýa jül­ge­si­niň şä­her­le­rin­de hem-de oba­la­ryn­da bo­lar, Da­ýa­ha­tyn ker­wen­sa­ra­ýy­na, As­ta­na­ba­ba, Alam­ber­dar aram­gäh­le­ri­ne, be­ýik türk­men şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly­nyň bi­lim alan Id­ris­ba­ba med­re­se­si­ne, Amul ga­la­sy­na hem-de “Re­pe­tek”, “Amy­der­ýa” döw­let go­rag­ha­na­la­ry­na ba­ryp gö­rer­ler. Olar Köý­ten­dag ge­riş­le­rin­dä­ki di­no­zawr­la­ryň te­kiz­li­gi­ne hem-de beý­le­ki ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri­ne aý­la­nyp, Amy­der­ýa bo­ýun­ça gä­mi­li ge­ze­lenç eder­ler.

AZIA­DA­NYŇ KEŞ­BI
HEM-DE TU­MA­RY
TAS­SYK­LAN­DY
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň tä­ze ýyl­da­ky bi­rin­ji mej­li­sin­de Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň res­mi keş­bi we tu­ma­ry tas­syk­lan­dy.
Keş­biň be­ze­gin­de hem mil­li na­gyş be­ze­gi­niň şu usu­ly ula­ny­lyp­dyr – şun­da gör­nüp du­ran şe­kil bel­li bir ma­ny-maz­mu­na eýe bo­lan şert­li bel­gä öw­rül­ýär. Ak­gyn­ly gaý­ta­la­nyp hem-de nag­şyň beý­le­ki bö­lek­le­ri bi­len or­nu­ny çal­şyp, ol köpöwüş­gin­li saz­la­şyk ki­min, poe­ma­nyň ýa-da des­sa­nyň se­tir­le­ri­ni eme­le ge­tir­ýär. Azia­da­nyň keş­bi­niň na­gyş­la­ryn­da meş­hur türk­men ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň we tä­ze aja­ýyp bi­na­la­ryň su­dur­la­ry, ak öý­le­riň, ha­ly göl­le­ri­niň, zer­gär­çi­lik sun­ga­ty­nyň önüm­le­ri­niň şe­kil­le­ri we hat­da päl­wan­la­ryň tut­luş­ýan şe­kil­le­ri hem me­se-mä­lim gö­rün­ýär. Bir ýe­re jem­le­nen bu ele­ment­le­riň äh­li­si su­ra­ta ag­ram sal­ma­ýar, ýö­ne de­ňag­ram­ly­ly­gyň hem-de saz­la­şy­gyň ne­ti­je­sin­de oňa ani­ma­si­on fil­miň tä­si­ri­ni ber­ýär. To­ma­şa­çy­nyň na­za­ry sýu­že­tiň ug­ru­ny yzar­la­ýar. Bu sýu­že­tiň soň­la­ma­sy, fi­na­ly ýok­dur. Onuň “ug­ry” bol­sa, kem-kem­den uçup bar­ýan gu­şuň şe­ki­li­ne öw­rül­ýär. Mu­nuň özi bi­ziň ýur­du­my­zyň tä­ze de­re­jä uçu­şy­nyň, onuň be­ýik mak­sat­la­ryň ýo­lun­da tä­ze sep­git­le­re ýet­me­gi­niň ta­ry­hy­dyr.
Oýun­la­ryň tu­ma­ry bol­sa gö­ze ýa­kym­ly hem-de şa­dy­ýan ala­baý bo­lar. Türk­men­ler ala­ba­ýa mä­hir bi­len ga­ra­ýar­lar. Bu gaý­duw­syz it­ler da­şyn­dan haý­bat­ly gö­rün­se-de, bu to­hu­my ýa­kyn­dan ta­na­ýan her bir adam onuň daş­ky keş­bi­niň aňyr­syn­da ýag­şy­ly­gy gaý­ta­ryp bil­ýän mäh­rem ýü­re­gi­ň giz­le­nip ýa­tan­dy­gy­na oňat dü­şün­ýär. Ala­baý – tu­mar ýö­ri­te mil­li ly­bas­da ýa-da sport ly­ba­syn­da şe­kil­len­di­ril­di. Onuň ada­ty bol­ma­dyk ýa­şyl “reň­ki” bol­sa, ony er­te­ki­niň gah­ry­ma­ny ýa­ly ja­dy­ly gör­kez­ýär.
Şeý­le­lik­de, hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne Azia­da – 2017-niň tu­ma­ry bi­len ta­nyş­lyk ga­raş­ýar, ol uly ma­ha­bat-mag­lu­mat möw­sü­mi­niň çä­re­le­ri­niň ba­dal­ga al­ýan tap­gy­ry bi­len bi­le­lik­de peý­da bo­lar. Onuň esa­sy we­zi­pe­si Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Oýun­la­ra ün­si çek­mek­den hem-de hoş­me­ýil­li erk-is­le­giň, sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dy hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň tä­ze keş­bi­ni ke­ma­la ge­tir­mek­den yba­rat­dyr.
Azia­da-2017-ä ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len köp­çü­lik­le­ýin sport çä­re­le­ri, Azia­da­nyň keş­bi­niň hem-de tu­ma­ry­nyň tas­syk­lan­ma­gy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dö­re­di­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­ka­rar et­mek şol sy­ýa­sa­tyň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bu çä­re­le­re gat­naş­ma­gy ola­ryň äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dyr­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň iş­jeň wa­gyz­çy­sy bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, aja­ýyp tür­gen­dir.
Aja­ýyp türk­men güý­zü­niň sa­pa­ly gün­le­rin­de gö­zel gör­ke gi­ren paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­jek Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň bü­tin dün­ýä­de Türk­me­nis­ta­nyň ab­ra­ýy­nyň bar­ha art­ma­gy­na, ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin spor­ty mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge ýar­dam et­jek­di­gi şüb­he­siz­dir.