Ýurdumyzyň belli, halypa režissýory, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Halmämmet Kakabaýew 82 ýaşynda aradan çykdy. Ol “Laçyn”, “Kakam gaýdyp geler”, “Gizlin ilçi”, “Ogul”, “Toba” ýaly türkmen halkynyň söýgüli kinolarynyň režissýorydy.

1939-njy ýylyň 1-nji iýunynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inen Halmämmet Kakabaýew ýaşlykdan kino sungaty bilen gyzyklanyp başlaýar.

1961-nji ýylda Daňatar Öwezow adyndaky türkmen döwlet sazçylyk mekdebini üstünlikli tamamlan Halmämmet Kakabaýew sazçylyk mekdebinde okamak bilen, okuwynyň daşyndan Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda režissýoryň kömekçisi bolup hem işleýär. Şeýle hem ol teatryň sahnasynda goýulýan operalaryň köpçülik sahnalarynda hem çykyş edip başlaýar.

Okuwy tamamlansoň, Magtymguly teatrynda simfoniki orkestriň drižorynyň assistenti bolup işe başlaýar. Ol teatrda meşhur kino aktýor hem kinorežissýor Alty Garlyýew bilen tanyş bolýar we Alty Garlyýew hem onuň ilkinji halypalarynyň biri bolýar. Alty Garly Halmämmetde režissýorçylyk ukybynyň bardygyny görüp, ony özüne režissýoryň assistenti edip işe alýar. 1963–1969-njy ýyllarda Halmämmet Kakabaýew bilimini ýokarlandyrmak maksady bilen Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň dil we edebiýat bölüminde okaýar. Uniwersiteti tamamlansoň Halmämmet Kakabaýew öz işini has kämilleşdirmek maksady bilen Moskwanyň kinorežissýorçylyk we ssenariçilik ýokary okuw mekdebine okuwa girýär. Halmmämet Moskwanyň ýokary mekdebini tamamlanda diplom işi üçin “Taýharly oglan” atly çeper filmi surata düşürýär. Onuň bu filmi 1974-nji ýylda Eýranda geçirilen Halkara kinofestiwalyna gatnaşyp, “Ýaş režissýoryň ilkinji oňat filmi” diýen baýraga mynasyp bolýar. 1973-nji ýylda Halmämmet Kakabaýew “Türkmenfilm” studiýasynda kinorežissýor bolup işe başlaýar. Ol bu ýerde tä 2009-njy ýyla çenli işlemek bilen, ençeme ululy-kiçili çeper, çeper-publisistik we çagalaryň durmuşyndan gürrüň berýän ençeme filmlere režissýorçylyk edýär. Halmämmet Kakabaýewiň režissýorlyk eden çeper filmleriniň köpüsi çagalaryň durmuşy bilen baglanyşyklydyr.

“Laçyn” atly filmine 1979-njy ýylda Aşgabatda geçen bütinsoýuz kinofestiwalynyň “Çagalar we ýetginjekler üçin” döredilen iň oňat film” hasaplanyp, birinji orun baýragy berilýär.

1982-nji ýylda “Kakam gaýdyp geler” atly filmi Estoniýada geçirilen bütinsoýuz kinofestiwalynyň “Çagalar we ýetginjekler üçin” diýen baýragyna mynasyp bolýar.

1984-nji ýylda “Ýeňi ýoluk” atly çeper filmi Kiýewde geçirilen bütinsoýuz kinofestiwalynda “Çaganyň keşbini iň oňat oýnanlygy üçin” diýen baýraga baş gahrymanyň keşbini döreden Setdar Jepbarow mynasyp bolýar.

1990-njy ýylda “Ogul” atly film Hindistanyň Deli şäherinde geçirilen halkara kinofestiwalynyň “Çagalar we ýetginjekler” üçin döredilen iň oňat film” diýen baýragyna eýe bolýar. Şeýle-de 1991-nji ýylda “Kümüş pul” atly filmi üçin Müsüriň Kaýir şäherinde geçirilen Halkara kinofestiwalynda “Gran pri” baýragyna laýyk görülýär.

1996-njy ýylda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen Ýewraziýa Halkara kinofestiwalynda “Toba” atly filmi “Erkek adamyň keşbini iň oňat oýnandygy üçin” diýen baýraga mynasyp bolýar. Bulardan başga-da, “Gizlin ilçi”, “Pygamber patasy”, “Çörek”, “Tapakgan”, “Durmuşda şeýle-de bolýar” we başga-da ençeme filmleri öwgä mynasyp filmlerdir. Halmämmet Kakabaýewiň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde işlän döwürleri çagalaryň durmuşyndan gürrüň berýän “Ýumajyk” atly satiriki kinožurnalynyň hem ençemesine režissýorçylyk edýär.

Soňky ýyllarda Türkmen döwlet medeniýet institutynda öz asylly kärini ýaşlara öwreden halypa režissýoryň, halypa mugallymyň jaýy jennetden bolsun!