Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 103-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Gazagystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakum gazoýlyny hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler hem-de nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 5 million 989 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 240 million 84 müň manatlyk Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen polipropileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.