24-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmek, hususan-da, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň önümçiligini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Balkanabat” ýod zawodynda kaustik sodanyň, hloryň we hlor önümleriniň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna — hususy kärhanalara “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen bilelikde “Balkanhimsenagat” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek teklip edilýär. Şol ýerde “Balkanabat” ýod zawodynyň önümhanalarynyň durky täzelenenden soň, senagatda we lukmançylykda uly isleg bildirilýän himiýa önümleriniň öndürilişi ýola goýlar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýerli tebigy-çig mal serişdeleriniň esasynda eksport ugurly önümleriň önümçiligi boýunça täze kuwwatlyklary döretmegiň hem-de öňden barlaryny döwrebaplaşdyrmagyň we bu işe milli ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň wekillerini işjeň çekmegiň örän wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere içerki we daşarky bazarlarda islegleriň durnukly artýandygyny nazara almak bilen, ýurdumyzda ýokary hilli himiýa önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň mümkinçiliklerini içgin seljermegi tabşyrdy.