Russiýanyň döwlet kitaphanasy dünýäniň iň uly kitaphanalarynyň biri hasaplanýar. Ol 1862-nji ýylda Rumýansew muzeýiniň kitap gaznasynyň esasynda döredilýär. Kitaphana 1917-1924-nji ýyllarda Rumýansew adyndaky döwlet muzeýi diýlip atlandyrylýar.
Kitaphananyň ady 1924-nji ýylda üýtgedilip, häzirki adyna 1992-nji ýylda eýe bolýar. 1997-2000-nji ýyllarda bu ýerde abatlaýyş işleri geçirilýär. Russiýanyň döwlet kitaphanasynda 37 okalga zaly bolup, ähli kitap tekjeleriniň uzynlygy 275 kilometre barabardyr. Häzirki wagtda kitaphanada dünýäniň 367 dilindäki eserler ýygyndysy, şol sanda, kartalar, notalar, ses ýazgylary, dissertasiýalar, döwürleýin neşirler saklanýar. Gaznanyň mukdary 45,5 million birlikden geçýär. Özboluşly nusgalaryň arasynda XVI asyryň italýan filosofy we akyldary Jordano Brunonyň golýazmalary hem göze ilýär.