“Tesla” we “SpaceX” kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask 2022-nji ýyla uly depgin bilen girdi. Maskyň baýlygy bir günde 30 milliard dollar artyp, 304 milliard dollara ýetdi. Ýylyň ilkinji iş gününde “Tesla”-nyň paýnamalarynyň bahasy 13,5% ýokarlandy.
Bilermenler “Tesla”-nyň geçen ýylyň soňky çärýeginde 267 müň awtoulag satmagyna garaşýardylar. Awtoulag satuwy garaşylandan has ýokary – 308 müň 600 boldy. Geçen ýyl çip ýetmezçiligi sebäpli awtoulag pudagynyň ösüşine päsgelçilikler ýüze çykmagyna garamazdan kompaniýa ösüşini dowam etdirdi.
Mask häzirki wagtda dünýäniň gurply adamy hasaplanýar. “Amazon” -yň esaslandyryjysy Jeff Bezosyň 196 milliard dollar baýlygynyň bardygy çaklanylýar.