Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Sind­zo Abe Fi­lip­pin­ler­de res­mi sa­par­da bol­dy. Ol Fi­lip­pin­le­riň tä­ze saý­la­nan Pre­zi­den­ti Rod­ri­go Du­ter­te­niň we­zi­pe­si­ne gi­ri­şen­den soň­ra bu ýur­da sa­pa­ra ge­len il­kin­ji da­şa­ry ýurt myh­ma­ny­dyr. Prem­ýer-mi­nistr Abe Azi­ýa ýurt­la­ry­na sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de 2017-nji ýyl­da­ky il­kin­ji da­şa­ry ýurt sa­pa­ry­ny Fi­lip­pin­ler­den baş­la­dy.
Prem­ýer-mi­nistr Sind­zo Abe bi­len Fi­lip­pin­le­riň Pre­zi­den­ti Rod­ri­go Du­ter­te­niň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da dür­li ugur­larda öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga de­giş­li me­se­le­le­riň giň top­lu­my ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şolaryň bar­şyn­da öňü­miz­dä­ki 5 ýy­lyň do­wa­myn­da Fi­lip­pin­ler­de dür­li ugur­larda umu­my ba­ha­sy 8,7 mil­liard dol­lar möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny öz­leş­dir­mek ba­bat­da yla­la­şyl­dy.
Fi­lip­pin­le­riň Pre­zi­den­ti Du­ter­te ge­çen ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da Ýa­po­ni­ýa­da sa­par­da bo­lup­dy. Şonuň do­wa­myn­da bol­sa, Fi­lip­pin­le­riň Min­da­nao ada­syn­da oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek üçin 47,3 mil­li­on dol­lar möç­be­rin­de dür­li tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek ba­bat­da yla­la­şyk­lar ga­za­ny­lyp­dy.
Ýa­po­ni­ýa­nyň hö­kü­met baş­ly­gy Sind­zo Abe Azi­ýa ýurt­la­ry­na sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Awst­ra­li­ýa­da, In­do­ne­zi­ýa­da hem-de Wýet­nam­da sa­par­da bol­dy.