Oýlanyp tapylan dürli enjamlaryň käbiri wagtyň geçmegi bilen öz möwritini tamamlaýan bolsa, käbiri hiç haçan ulanyşdan galmaýar. Gündelik durmuşda ulanylýandygy üçin hemişe gerek bolýan bu enjamlar diňe kämilleşmek arkaly barlygyny dowam etdirýär. Kir ýuwujy enjam hem şeýle oýlap tapyşlaryň biridir. Ilkibaşdaky görnüşi häzirkilerden tapawutly hem bolsa, ol adamlaryň gündelik işini ep-esli ýeňilleşdirýär. El bilen kir ýuwmak hem köp wagtyňy alýar, hem-de güýç-kuwwat talap edýär. Bu kyn işiň aňsat ýoluny tapan ilkinji adamlaryň biri Henri Sidgýerdir. Londonly inžener 1782-nji ýylda elde aýlamak arkaly işleýän ilkinji kir maşyny oýlap tapýar. Onuň oýlap tapan ýönekeý enjamy kiçiräk çelegiň içindäki aýlanýan çarhdan ybarat bolupdyr. Inžener tagtadan ýasan bu enjamyndan soňra eşikleri arassalamak üçin çotga hem bejeripdir. Bularyň ikisi hem el güýjüni talap edipdir. Eşikler ýuwlandan soňra ony elde sykmaly hem bolupdyr. Elektrik energiýasy oýlanyp tapylandan soňra has kämil kir maşyn oýlanyp tapylypdyr. 1906-njy ýylda Alwa Fişer elektrik energiýasy bilen işleýän ilkinji kir maşyny oýlap tapýar. Fişer bu oýlap tapyşyna «Thor» diýip at beripdir. Bu enjam söwda maksatly satuwa çykarylan ilkinji kir ýuwujy maşyn bolýar. Eşigi azda-kände sykýan ilkinji maşyn 1930-njy ýyllarda peýda bolýar. Bu maşynda ýuwlan eşikler iki sany silindriň arasyndan geçirilip sykylýan eken. 1937-nji ýylda awtomatlaşdyrylan kir maşyn oýlanyp tapylýar. Şeýle-de bolsa, bu enjamlaryň köpçülikleýin satylmagy 1980-nji ýyllarda artyp başlaýar. Bu enjamlar eşigi mazaly sykýan, eşigiň materialyna görä, dürlüçe ýuwýan awtomatlaşdyrylan ulgamy bilen tapawutlanýar. Ýylsaýyn döwrebaplaşýan bu maşynlar has-da kämilleşdirilip, suwy, elektrik energiýasyny az talap edýän görnüşleri hem peýda bolýar.