2021-nji ýyl­da äh­li me­de­ni eda­ra­lar we çä­re­ler pan­de­mi­ýa­nyň tä­si­ri­ni baş­dan ge­çir­di­ler. Ola­ryň kö­pü­si wi­deo­kon­fe­ren­si­ýa gör­nü­şin­de iş­le­ri­ni do­wam et­dir­di­ler. Bu, esa­san hem, teh­no­lo­gik we eti­ki öz­ge­riş­lik­le­ri baş­dan ge­çir­ýän mo­da we sun­gat dün­ýä­sin­de aý­ra­tyn orun eýe­le­di. Ge­liň, ge­çen ýy­lyň me­de­ni wa­ka­la­ry­na göz aý­la­lyň.
Ge­çen ýy­lyň ba­şy Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň hem­me ýe­rin­de ýa­py­lan teatr­lar we mu­zeý­ler üçin aň­sat bol­ma­dy. Olar Lon­don­da, Pa­riž­de, Rim­de, Ber­lin­de, Afi­ny­da we Ams­ter­dam­da di­ňe maý aýyn­da tä­ze­den açyl­dy. Em­ma berk çäk­len­di­ri­ji çä­re­ler ýy­lyň ahy­ry­na çen­li do­wam et­di. Şeý­le ýag­daý­da Ýew­ro­pa par­la­men­ti ge­çen ýaz­da 7 ýy­lyň do­wa­myn­da me­de­ni ze­rur­lyk­lar üçin 2,4 mil­liard ýew­ro bö­lüp ber­mek üçin ses ber­di. Bu öň­kä ga­ra­nyň­da 2 es­se köp­dür. Şeý­le­lik bi­len Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­niň ag­za­la­ry me­de­ni­ýe­tiň äh­mi­ýe­ti­ni, hat­da onuň ze­rur­dy­gy­ny yk­rar et­di­ler. Bu bol­sa öz ge­ze­gin­de, gir­de­ji ga­zan­ma­ga we iş ýer­le­ri­ni dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­ret­di.
Ge­çen ýy­lyň mö­hüm ug­ry, sa­tu­wy re­kord de­re­je­de ös­ýän san­ly sun­gat eser­le­ri­niň öz­bo­luş­ly­ly­gy­ny ke­pil­len­dir­ýän «krip­tog­ra­fik to­ken» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan ug­ruň çalt ös­me­gi bol­dy. Bu ugurda işleýän su­rat­keş Maýk Win­kel­man­nyň «Yn­sa­ny­ýet» di­ýen ese­ri ge­çen ýyl 25 mil­li­on dol­la­ra sa­tyl­dy.
Mo­da dün­ýä­si hem bar­ha öz­ger­ýär. Mo­da ser­gi­si ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da wir­tu­al ýag­daý­da ge­çi­ril­di. Sent­ýabr aýyn­da Mi­lan­da, Pa­riž­de we Nýu-Ýork­da mo­da hep­de­li­gi ge­çi­ril­di. Ýö­ne bu uza­ga çek­me­di, se­bä­bi gyş ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy­nyň tä­ze tol­ku­ny bi­len gel­di. Ýö­ne mu­ňa ga­ra­maz­dan, sun­gat ba­za­ry beý­le­ki pu­dak­la­ra ga­ra­nyň­da, uly ösüş­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­dy. Auk­si­on söw­da­la­ry re­kord­la­ry­ny tä­ze­le­di. Ýan­war aýyn­da Sand­ro Bot­ti­çel­li­niň çeken su­ra­ty 80 mil­li­on ýew­ro­dan gow­rak ba­ha sa­tyl­dy. XX asy­ryň meş­hur ame­ri­kan su­rat­ke­şi Žan-Mi­şel Bas­ki­ýa­nyň çe­ken su­ra­ty bolsa 10 mil­li­on ýew­ro sa­tyl­dy. Ge­çen ýy­lyň ýe­ne bir mö­hüm wa­ka­sy bol­sa, sun­gat eser­le­ri­niň öz wa­ta­ny­na gaý­ta­ry­lyp be­ril­me­gi bol­dy. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa ge­çen güýz­de Be­nin şa­ly­gy döw­rü­niň bü­rünç­den ýa­sa­lan eser­le­ri­ni Ni­ge­ri­ýa gaý­ta­ryp ber­di. Ger­ma­ni­ýa hem ge­çen ýyl şeý­le çä­rä­ni ama­la aşyr­dy. Bulardan başga-da Fran­si­ýa­da Pre­zi­dent Em­ma­nu­el Mak­ro­nyň gat­naş­ma­gyn­da 100 ýyldan gowrak mundan öň al­nyp gaý­dy­lan 26 sun­gat ese­ri­ni Ni­ge­ri­ýa­ gow­şur­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di.