Dürli öý hojalyk tehnikalaryny öndürýän LG kompaniýasy innowatiw önümi işläp taýýarlaýandygyny mälim etdi. Howanyň üýtgemegi bilen dünýäde suw ýetmezçiliginiň artjakdygy çaklanylýar. Bu meseläniň öňüni almak üçin dürli taslamalar taýýarlanýar. Koreý brendiniň işläp taýýarlaýan enjamy iki ýyllap synagdan geçiriler. Işlenip taýýarlanan enjamda hiç hili bökdençlik ýüze çykmasa, satuwa çykarylar.
Eýsem, suwsuz nädip arassalaýarka?
Kompaniýa bu enjamdadiňe suwa däl, hatda arassaçylyk serişdesine hem zerurlygyň ýokdugyny belleýär. Kirleri arassalamakda uglewodoroddan peýdalanylar. Maşynyň içine kir salnyp işledilende, onuň içindäki uglewodorod gaz halyndan suwuk hala öwrülýär we kirleri ýuwýar. Ýuwlup bolnandan soňra, gaýtadan gaz halyna öwrülýär.
Birnäçe ýyldan bäri bu ugurda işleýän kompaniýa mundan ozal hem suwsuz arassalaýan tehnologiýany hödürläpdi. Kompaniýanyň işläp taýýarlan “Styler machine” atly gardroby, bug arkaly egin-eşiklerdäki mikroblary we hapalary aýyrmaga ýardam edýär.